Hronika

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2018-nji ýylyň 18-nji fewralynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2018-nji ýylyň 9-njy fewralynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ylym we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Hökümetara türkmen-belarus toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda gol çeken Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky (Minsk şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nazarguly Şagulyýew şol bir wagtda Türkmenistanyň Latwiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine bellenildi.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji dekabryndaky Permany bilen Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ýazguly Öwezgylyjewiç Mämmedow şol bir wagtda Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine bellenildi.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KARARY

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti 2017-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 30-njy noýabrynda gol çeken Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Gurbanmyradowiç Niýazliýew şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine bellendi.

Dowamy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 01-nji noýabrynda gol çeken Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky (Rim ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Berdimyrat Rejepow şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Ispaniýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine bellendi.

Dowamy