
Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 56-njy mejlisine gatnaşmagy
2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 56-njy mejlisi başlandy, oňa Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komitetiniň wekilleri gatnaşýar. 1946-njy ýylda döredilen bu Komissiýa Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) düzümine girmek bilen, 1994-nji ýylda Kairde kabul edilen Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň Hereketler maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine syn we...
Dowamy
Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary bilen geçirilen duşuşyk barada
2023-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Saud Araýbystany Patyşalygyndaky Ilçisi O.Çaryýew bilen Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň (GCC) Baş sekretary Jasem Mohamed Albudaiwiniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen GСС ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklara ikitaraplaýyn hem-de sebitara derejelerde uly orun berilýändigini bellediler. Şeýle hem, taraplar Türkmenistan bilen Geňeşiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkin...
Dowamy
Gyrgyzystanda “Pyragy” atly täze oýun görkezildi
Gyrgyzystan Respublikasynyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Appaz Žaýnakow adyndaky Batken welaýat sazly-drama teatrynda “Pyragy” atly oýun goýuldy. Ýakynda bu teatrda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan täze oýnuň görkeziliş dabarasy geçirildi. Bu teatr oýny Gündogaryň medeniýetiniň we nusgawy şygryýetiň bilermenlerinde uly täsir galdyrdy. Bu oýun Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň Ba...
Dowamy
Yslamabatdaky COMSATS uniwersitetiniň rektory bilen duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Päkistandaky Ilçisi A.Möwlamowyň Yslamabatdaky COMSATS uniwersitetiniň rektory Prof.Dr.Muhammad Afzal bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen COMSATS uniwersitetiniň arasynda ylym-bilim ugry boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Päkistan tarapy COMSATS uniwersitetiniň fakultetleri, ylmy işleri we gazanan üstünlikleri barada çykyş etdi. Türkmen tarapy ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýas...
Dowamy
Himiýa ýaraglaryny gadagan etmek baradaky guramanyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili akkreditirlendi
2023-nji 3-nji aprelinde Gaaga şäherinde Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçisi Sapar Pälwanow Himiýa ýaraglaryny gadagan etmek baradaky guramanyň (HÝAG) Baş direktory Fernando Ariasa bu Guramanyň ýanyndaky Hemişelik wekili hökmünde ynanç hatyny gowşurdy. Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Ilçisi we Guramanyň Baş direktory Türkmenistanyň we HÝAG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýy barada özara pikir alyşdylar. Söhbetdeşligiň başynda Ilçi S.Pälwanow Baş direktora Türkmenis...
Dowamy
NEXI Ýapon Agentligi bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 3-nji aprelinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň Eksporty we maýa goýumy ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) Ýerine ýetirji direktory we baş dolandyryjysy Hideýuki Urata bilen Ilçihananyň binasynda duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen agentligiň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda amala aşyrylmagy me...
Dowamy
Päkistanyň Daşary işler ministrliginde iftar agşamlyk nahary
2023-nji ýylyň 30-njy martynda Pakistanyň Daşary işler ministri Bilawal Bhutto Zardariniň çakylygy boýunça Yslamabatdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Pakistanyň Daşary işler ministrliginde iftar agşamlyk nahary berildi. Päkistanyň Daşary işler ministri öz çykyşynda dinler arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň möhümdigini belledi. Halkara jemgyýetçiliginiň howanyň üýtgemegi, COVID, häzirki zaman dünýäsiniň ykdysady we geosyýasy...
Dowamy