Birinji Hazar ykdysady forumy hakyndaky umumy maglumat

Dünýädäki iň uly yklymiçi suw howdany bolan Hazar deňziniň huhuk derejesini resmileşdirmek prosesi 1996-njy ýylyň noýabrynyň başynda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň ilkinji duşuşygynda başlandy. Hazarýaka döwletler tarapyndan esasy resminamanyň - Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň işlenilip düzülmegi bilen ugurdaşlykda sebitara hyzmatdaşlygyň aýratyn alnan ugurlary boýunça hem resminamalaryň işlenilip düzülmegi dowam etdirildi. 2003-nji ýylyň noýabrynda gol çekilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýa (Tähran konwensiýasy) - ilkinji bäştaraplaýyn resminama boldy.

Häzirki wagtda bu Konwensiýa boýunça Nebit dökülmlerine garşy göreşmek boýunça (Aktau teswirnamasy), Ýerasty çeşmelerden gelýän hapalanmalardan goramak boýunça (Moskwa teswirnamasy), biologiki köpdürliligiň goralyp saklanmagy boýunça (Aşgabat teswirnamasy) we transserhet mazmunynda daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermek ýaly dört sany Teswirnamalar kabul edildi.

Tähran konwensiýasy 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi. Bu gün - 12-nji awgust – sebitde Hazar deňziniň güni hökmünde bellenilýär.

Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň Sammitleri alnyp barylýan gepleşikleriň prosesine uly itergi berdi.

Hazar sammitleriniň geçirilmegine Türkmenistanda - 2002-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda Ilkinji Hazar sammitinde badalga berildi, onda kenarýaka döwletleriň Hazar deňziniň hukuk derejesiniň esasy meseleleri, deňizde howpsuzlyk we beýleki meseleler boýunça syýasy ylalaşyklaryň berkidilýän resminamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň Jarnamasy bolan bu resminama – 2007-nji ýylyň oktýabrynda Tähranda Hazar bäşliginiň döwlet baştutanlarynyň ikinji maslahatynyň barşynda Hazarýaka döwletleriniň baştutanlary tarapyndan gol çekildi.

Üçünji Hazarýaka sammitinde prezidentler Hazar deňziniň howpsuzlygy ulagmynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga gol çekdiler we Sammitiň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Baku şäherinde geçirilen Sammitde çykyş etmek arkaly Hazaryň suw biologiki gaznalaryny gorap saklamak we netijeli peýdalanmak, şeýle hem deňizde adatdan daşary ýagdaýlary öňünen duýdurmak we aradan aýyrmak boýunça iki sany ylalaşygyň işlenilip düzülmegi baradaky başlangyjy öňe sürdi.

2014-nji ýylyň sentýabrynda Astrahanda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň dördünji duşuşygynyň dowamynda Beýannama gol çekildi, onda Hazar deňzinde işlemegiň esasy ýörelgeleri ylalaşyldy. Mundan başga-da, Sammitde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Üçünji sammitde öňe sürlen hökümetara ylalaşyga, şeýle hem Hazar deňziniň gidrometeorologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyga ol boýunça bilermenlik işi Türkmenistanyň Hazar deňziniň gidrometeorologiýasy we hapalanmasynyň monitoringi boýunça Utgaşdyryjy komitetinde (KASPKOM) başlyklyk eden döwrüniň çäklerinde tamamlandy. Sammitiň jemleri boýunça Kommýunike kabul edildi. Astrahanda geçirilen sammitde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Hazarda ulag we söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, şeýle hem Hazar ykdysady forumyny döretmek baradaky iki sany täze ylalaşyklary taýýarlamak baradaky teklipler öňe sürüldi.

2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen Bäşinji Hazar sammitiniň çäklerinde Hazarýaka döwletleriň bäş sany Prezidentleriniň gatnaşmagynda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi taryhy waka boldy.

Şeýle hem sammitde ulag, söwda-ykdysady ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyga, çaknaşyklardan gaça durmak hakyndaky ylalaşyklar hem-de Hazarda howpsuzlyk ulgamyndaky ylalaşygyň teswirnamalaryna gol çekildi.

Sammitiň netijeleri boýunça Hazarýaka döwletleriň Prezidentleri Kommýunike kabul etdiler. Bu resminamada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen 2019-njy ýylda Türkmenistanda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky başlangyjy öz beýanyny tapandyr. Bu çäre gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de Hazarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmekde möhüm tapgyr bolar.

Birinji Hazar ykdysady forumyny 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirmek meýilleşdirilýär. Syýahatçylyk zolagynynyň gurluşyk işlerine Türkmenistanyň Prezidenti 2007-nji ýylda badalga berdi. Şol döwürden bäri Awaza dürli ugurlardaky iri çäreleri ýokary derejede geçirmeklik üçin ähli şertleri bolan häzirki zaman amatly syýahatçylyk toplumyna öwrüldi. Türkmenbaşy şäherinde dürli görnüşdäki howa gämilerini kabul etmäge mümkinçiligi bolan täze halkara howa menzili guruldy. Howa menzil we Awaza awtomagistral bilen birleşdirilendir.

Forumyň çäklerinde söwda-ykdysady, ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, iri taslamalar üçin şertleri döretmek, Hazar sebitiniň ykdysadyýetiniň halkara derejesindäki orny we hazarýaka döwletleriň dürli ykdysady pudaklarynyna bolan iri maýa goýum taýdan özüne çekijilik hakyndaky pikir alyşmalaryň geçirilmegi meýilleşdirilýändir.

Forum medeni maksatnama bilen utgaşdyrylar.

Soňky habarlar