Tokioda Garaşsyzlygyň 27 ýyllygy hem-de “Amul - Hazar 2018” halkara awtorallisiniň başlamagy mynasybetli çäre geçirildi

2018-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynda Yaponiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllygyna bagyşlanyp hem-de “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisiniň başlamagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Maslahatyň barşynda Ilçihananyň işgärleri häzirki wagtda Türkmenistan Watanymyzyň ýeten sepgitleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň ähli adamzat bähbitli başlangyçlary barada çykyş etdiler. Mundan başga-da Amuldan Hazara çenli bolan halkara awtorallisiniň Türkmenistanyň ulag ulgamyndaky başlangyçlaryny we taslamalaryny ilerletmekde, olaryň sebit we ählumumy ähmiýetini wagyz etmekde uly ädimdigi hem-de döwletleriň we halklaryň ýakynlaşmagyny, söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryň hem-de ählumumy ösüşiň giňeldilmegini şertlendirýän başlangyçdygy barada bellenip geçildi.

Çärede ýapon tarapyndan çykyş edenler ýurdumyzda alnyp barylýan daşary syýasata ýokary baha bermek bilen “Amul - Hazar 2018” halkara awtorallisiniň gürrüňsiz halkara jemgyýetçiliginde uly täsir galdyrjakdygy barada öz çykyşlarynda beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara türkmen tagamlary hödür edildi.