Amul—Hazar Halkara rallisi - “Türkmen Desert Race 2018”

Häzirki wagtda ýurdumyz geografik taýdan amatly ýerleşmegi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn daşary syýasaty netijesinde sebitiň örän möhüm ulag merkezine, iri halkara logistika çatrygyna öwrülýär. Milli Liderimiz daşary ýurtlar bilen gatnaşyklar boýunça möhüm teklipleri öňe sürdi hem-de olary iş ýüzünde durmuşa geçirmekde yzygiderli işleri alyp barýar.

Munuň üçin halkara ülňülere kybap gelýän ulag düzümi döredilýär, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, halkara demir ýollar, menziller, howa menzilleri gurulýar, häzirki zaman gämileri satyn alynýar, demir ýol we awtomobil köprüleri bina edilýär, olar diňe bir ýurdumyzyň sebitlerini däl-de, goňşy döwletleri hem birleşdirýär.

Türkmenistanda «Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşy (Turkmen Desert Race) «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygarynyň çäginde geçirilýän sport ýaryşy. Awtoralli ýaryşynyň wekillerine Beýik Ýüpek ýolunyň gadymy ýollaryndan geçmek mümkinçiligi dörediler. Awtoralli ýaryşynyň geçiriljek wagty 2018-nji ýylyň 9-15-nji sentýabry aralygynda. Häzirki wagtda bu ýaryşa işjeň taýýarlyklar amala aşyrylýar, ýaryşyň ugruny kesgitlemek boýunça işler alnyp barylýar, bu işleri amala aşyrmak üçin ençeme ýyllyk tejribesi bolan bilermenler çekildi, awtorallini geçirilmegine gabatlanyp medeni çäreler taýýarlanylýar.

Gatnaşmagyň resmi düzgünlerini ýeňilleşdirmek babatda ýaryşyň gurnaýjylary tarapyndan ähli tagallalar amala aşyrylýar, şeýle hem giňişleýin medeni maksatnama taýýarlanylýar. Ýaryşyň ugry Türkmenistanyň ýatdan çykmajak tebigy landşaftlaryndan düzülip, Garagum çölüni, düzlükleri, dag ýerleri öz içine alar we Hazar deňziniň dür dänesi – “Awaza” syýahatçylyk zolagy ýaryşyň ahyrky nokady bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýaryşy geçirmek başlangyjyny öňe sürmegi we bu çäräniň guramaçylyk meselelerinden başlap, amaly taýdan durmuşa geçirilmegine hut özüniň baştutanlygynda ýerine ýetirilmegi bu uly göwrümli awtosport taslamasynyň aýratyn derejesini görkezýär. Ýurduň ýolbaşçysy sport ulagynyň sürüjisi hökmünde awtoralliniň Garagum çölündäki ugruny hut özi synap gördi. Bu waka fewral aýynda « Beýik Ýüpek ýoly» köpçülikleýin ýaryşlaryna badalga berlen döwründe boldy we ýakynda milli toparlaryň gatnaşmagynda Aşgabadyň eteginde maý aýynda geçirilen «Amul-Hazar» rallisiniň seçip alma tapgyrynyň dowamynda boldy we bu ýerde türkmen lideri ajaýyp netijeleri görkezdi.

Çäräniň sport bölegi meşhur fransuz sürüjisi we “Afrika Eco Race” rallisynyň ýolbaşçysy Žan-Lui Şlesser tarapyndan gurnalar.

Ýaryşa Amul (ş. Türkmenabat) diýen ýerde badalga berler, gadym döwürlerde bu ýer Beýik Ýüpek ýolunyň bir nokady bolupdyr, soňra ugur ajaýyp we täsin Garagum çölünden geçer, duralgalarda gatnaşyjylara myhmansöýerlik, türkmen milli tagamlary, medeniýet ussatlarynyň çykyşlary we başga-da birnäçe çäreler garaşar.

Ýoluň ugrunda Derweze (47 ýyldan bäri ody sönmeýän gaz krateri), Türkmen köli – çölüň içindäki täsin suw howdany, Gyzylgaýa diýen ýerdäki gyzyl çägeler we gaýalar şeýle-hem Hazar deňziniň hazynasy – Awaza milli syýahatçylyk zolagy ýaly ajaýyp tebigy landşaftlarynda duralgalar göz öňüne tutulan.

Ýaryşa ýeňil, ýükli awtoulaglar we SSV kysymly kwadrosikller goýberilýär. 1500 kilometr uzynlykdaky ýol Garagum çölünden şeýle-hem ýurdumyzyň beýleki owadan ýerlerinden çekilen. Ralliniň ýörite bölekleri 250 kilometrden geçmeýär.

Şuňa laýyklykda, ekipažyň agzalary Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugruny gaýtalap, Türkmenistanyň gündogaryndan günbatara tarap ugry boýunça hereket ederler, we gadymy söwda kerwenleri ýaly meşhur Garagumyň çäksiz meýdanlarynyň üstünden geçerler, çölüň çylşyrymly ýerlerini ýeňip geçerler, şeýle hem geçmişden häzirki zamana simwoliki syýahaty edip, türkmen topragynyň gaýtalanmajak we unikal ýerlerini görerler.

Elbetde, Garagum çöli bu taslamanyň özenidir.

Ilki bilen, onuň Saharadan soň dünýäde iň uly çöl bolup durýandygy üçin hem dünýäde iň abraýly “Dakar” derejeli awtoralli ýaryşlarynyň hatarynda mynasyp orun almalydyr.

Ikinjiden bolsa, Garagum sährasy täsinligi nukdaýnazaryndan özünde has köp syrlary saklaýandygy üçin, şeýle ýaryşlaryň geçirilmegine mynasypdyr. Bu çöl Afrikanyň çöllükleri ýaly birsydyrgyn görnüşli bolman, tebigy köpdürlüligi bilen ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar hem-de islendik pursatda bu janly ekologiýa ulgamynyň garaşylmadyk “sowgatlary” peşgeş bermegi mümkindir, bu sähra antropogen täsirler ýetmedi diýen ýalydyr. Şonuň üçin hem awtomobil ýaryşlary has gyzykly häsiýete eýe bolýar, şunda kuwwatly awtomobillere erk edenlerinde, adamlar, aýdylyşy ýaly, onuň bilen “ýüzbe-ýüz bolup” özleriniň tebigat bilen nähili bitewüdigine ýene bir gezek göz ýetirerler. Eger-de daşky gurşawa öz syrdaşyň hökmünde garalanda, tehniki ösüş tebigat bilen siwilizasiýanyň döredijilikli sazlaşygynyň dowamy bolar.

Bu bolsa “üçünji” sebäpdir: Garagum sährasy türkmen awtorallisiniň esasy geçýän ugry bolmak bilen, tebigaty goramagyň bu naýbaşy nusgasyna dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmelidir, ol ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna girizilmäge mynasypdyr.

Garagum çöli düýbünden özleşdirilmeýär diýip bolmaz. Emma şeýle işleriň geçirilmeginiň özi hem nusgalyk ekologiýa işiniň mysaly hasaplanylýar. Ine, Garagumuň merkezindäki “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygyny alyp göreliň!

Öz möçberi boýunça deňsiz-taýsyz bolan bu taslamanyň Türkmenistan üçin hem, tutuş Orta Aziýa üçin hem ägirt uly ähmiýeti bardyr. Onuň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmek üçin hil taýdan täze mümkinçilikleri we gözýetimleri açmak bilen bir hatarda, tutuş sebitiň ekologiýa ýagdaýyna hem oňyn täsir eder.

Ýaňy-ýaňylar hem meýdany örän giň, howa şertleri örän ýowuz, şunuň bilen birlikde tebigy serişdelere baý bolan dünýä çölleriniň birini gülläp ösýän ýere öwürmek pikiri örän hyýaly pikir bolup görnerdi. Häzirki wagtda bu anyk mana eýe boldy. Türkmen köli özboluşly gidrotehniki toplumdyr, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň oba hojalyk ýerlerinden minerallaşan zeýkeş suwlaryny toplamak üçin desgalaryň çylşyrymly ulgamydyr. Munuň özi suwarymly ýerleriň ýagdaýyny düýpli suratda gowulandyrmaga, ýerleriň şorlamagy, batgalaşmagy we gurakçylyk bilen baglanyşykly ençeme meseleleri çözmäge mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bereketli türkmen topragynyň her bir künjegi oňa örän aýawly garalmaga mynasypdyr: Türkmen halkynyň durmuşynyň ekologiýa taýdan arassa şertlerini üpjün etmek, türkmen tebigatynyň baýlyklaryny netijeli peýdalanmak—ine, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksatlary şulardan ybaratdyr.

Hususan-da, munuň özi gadymy döwürlerde kemala gelen täsin ekoulgama eýe bolan Garagum çölüne hem degişlidir. Onuň aňňat-aňňat gum depeleri täsin ösümlik we haýwanat dünýäsini, ýerasty bolsa ägirt uly tebigy baýlyklary — uglewodorod çig mallaryny, peýdaly gazylyp alynýan magdanlary, şeýle hem giň öri meýdanlaryny özünde jemleýär.

Häzirki wagtda Merkezi Garagum Türkmenistanyň tebigy aýratynlyklarynyň biridir. Çöl tebigatynyň ilkibaşky görnüşi üýtgewsiz diýen ýaly saklanan düzlük we çöllük ekoulgamyny öwrenmek üçin onuň görnüş taýdan, haýwanat, ösümlik, hojalyk-ekologik gözlegleri geçirmek nukdaýnazaryndan dünýäde deňi-taýy ýokdur.

Türkmenistanda bu uly sport wakasyna taýýarlyk işi alnyp barylýar. Bäsleşiklere gatnaşyjylary onlaýn bellige almak ulgamynyň işlenip taýýarlanylýan hem-de ornaşdyrylýan ahyrky tapgyrynda awtoralliniň saýtyny açmak göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda ýaryşyň geçjek ugry boýunça düşelgeleri guramak, medeni çäreleri, hyzmat ediş işgärlerini taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Häzirki zaman tehnikasy, awiasiýa hem-de rallini guramak üçin zerur bolan beýleki serişdeler guramaçylaryň ygtyýarynda bolar. Mundan başga-da, türkmen myhmansöýerligini açyp görkezýän beýleki çäreler göz öňünde tutulýar, sebäbi köp sanly daşary ýurtly wekiliýetleri ýokary derejede garşylamak biziň ýurdumyz üçin hemişe uly mertebe bolup durýar. Muňa Aşgabatda uly üstünlik bilen geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary hem şaýatlyk edýär. Bu oýunlardan galan peýdaly tejribeler, meýletinçileriň jebis toparlary, tehniki we hyzmat ediş işgärleriniň toplan tejribeleri “Amul — Hazar 2018” rallisi üçin hem örän peýdaly bolar.

Türkmenistanyň taryhynda eýýäm şeýle ýaryşlary guramagyň tejribesi bardyr: 2009-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Ýüpek ýoly” halkara awtorallisi geçirildi. Bu başlangyç dostlukly goňşy döwletleriň — Russiýanyň we Gazagystanyň Liderleri tarapyndan goldanyldy. Dünýäniň 30-a golaý döwletinden awtosportçylar gatnaşan bu halkara awtoralliniň ugry üç ýurduň çäklerinden geçip, onuň uzynlygy 4 müň 500 kilometre deň boldy. Onuň ýarysyndan gowragy Türkmenistanyň çäginden geçdi.

Ýaryşa gatnaşyjylar türkmen topragynyň gözelligine hem-de jomartlygyna mynasyp baha berdiler, olar köpasyrlyk däp-dessurlary we häzirki döwri sazlaşykly özünde jemleýän halkymyzyň özboluşly medeniýeti bilen tanyşdylar. Şol döwürden bäri “Ýüpek ýoly” dünýäniň awtosport senenamasyna ymykly girdi, indi bolsa onuň üstüni “Amul — Hazar” taslamasy ýetirer, onuň dünýäniň iň täsirli awtoralli ýaryşlarynyň hataryna girmegi üçin ähli şertler bar.

Bu çäräni geçirmek boýunça guramaçylyk meseleleri Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň we beýleki edaralaryň üstüne ýüklenildi. Onuň sport bölegi barada aýdylanda bolsa, gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, onuň üpjünçiligi Žan-Lui Şlesseriň ýolbaşçylygyndaky “Africa Eco Race” marafonynyň guramaçylar toparyna ynanyldy.

“Africa Eco Race” awtorallisiniň baş direktory TDH-a üçin beren gürrüňinde şu ýylyň başynda Türkmenistana amala aşyran saparyny hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygyny mähir bilen ýatlady. “Men häzir Türkmenistanda sportuň milli syýasatyň derejesine çykarylandygy baradaky ýagdaý hakynda aýdyň we ynandyryjy subutnamalary aldym. Haçan-da, döwlet Baştutanynyň özi milletiň sport bilen meşgullanmagy baradaky pikiri wagyz edende bolsa, başy başlanan özgertmeleriň ahyrky netijesine hiç hili şübhelenme döremeýär” diýip, Žan-Lui Şlesser belledi.

— Şu güne çenli fransuz hünärmenleriniň topary geljekki ýaryşlaryň ýoluny barlamak we taýýarlamak boýunça uly işleri geçirdiler — diýip, Şlesser gürrüň berdi. — Şol ugur bäş tapgyra bölündi hem-de her bir tizlikli ýol bölegi ýaryşa gatnaşjak toparlaryň sürüjileri we şturmanlary üçin ençeme syrlary we kynçylyklary özünde gizleýär. Ýaryşlary guramak we geçirmek boýunça fransuz tarapynyň hyzmatlar toplumy maslahat beriş, işleri utgaşdyrmak, daşary ýurtlardan dürli sport toparlaryny çagyrmak, ýaryşlaryň tehnologik üpjünçiligi, şeýle hem halkara habar beriş serişdelerinde ýaryşlary beýan etmek üçin daşary ýurtly hünärmenleri çekmek işlerini öz içine alýar.

“Turkmen Desert Race” eýýäm Halkara Awtomobil Federasiýasynyň (FIA) ünsüni özüne çekdi. Žan-Lui Şlesser FIA-nyň toparynyň ralli-ýaryşlar boýunça taslamasy bilen tanyşdyrdy hem-de taslamany geljekde dünýäniň status tapgyryna girizmek boýunça mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.

Onuň pikirine görä, häzir ýaryşlary guraýjylaryň öňde boljak ýaryşyň çylşyrymly hem-de gyzykly boljakdygyna, dünýäniň sport bileleşiginde uly gyzyklanma döretjekdigine hiç hili şübhelenmesi ýokdur.

Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýyl ýurdumyzda “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edildi. Milli Liderimiziň pikirine laýyklykda, daşary ýurtly ýaryşa gatnaşyjylar diňe türkmen halkynyň mirasy bilen tanyşmaga däl-de, eýsem, bu rowaýata öwrülen ýerlere durmuş-ykdysady özgertmeler, ylmy-tehniki ösüş hem-de häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýolunda möhüm ulag merkezi hökmünde eýeleýän ornuny berkidýän ýurdumyzyň sebitleriniň senagat taýdan ösmegi bilen bilelikde gaýnap joşýan täze durmuşy görmäge mümkinçilik alarlar.

Türkmenistan halkara derejedäki iri sport çärelerini, şol sanda awtomobil sportunda ýaryşlary geçirmekde üstünlikli tejribe toplan ýurt hökmünde özüniň dünýä abraýyny barha belende göterýär. Bu tejribe “Amul — Hazar 2018” awtorallisi ýaly döwlet derejesinde amala aşyrylýan uly taslamany has-da baýlaşdyrar.

Bu ýaryş ýurdumyzda awtomobil sportuny ösdürmäge itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, syýahatçylygy ösdürmäge hem ýardam eder. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dünýä belli meşhur taryhy we arheologik ýadygärliklerini, şeýle hem onuň tebigy gözelliklerini gurşap alýan bu ýol boýunça täze syýahatçylyk ugurlaryny girizmegiň möhümdigini belledi.

Haçan-da, bir wagtlar bu ýerlerden gülläp ösen şäherleriň arasynda ýaýylyp ýatan uç-gyraksyz çöli kesip geçen kerwenler ýol külterlän bolsa, bu gün bu ýerlerden birinji derejeli awtobanlar we döwrebap demir ýollar çekildi we çekilýär. Bularyň hemmesi bilelikde, tebigy gurşawa aralaşmak bilen, syýahatçylara şol bir wagtda Beýik Ýüpek ýolunyň geçmişini we şu gününi synlamak mümkinçiligini peşgeş berer. Bu beýik ýol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary hem-de oňyn halkara syýasaty, işjeň diplomatiýasy netijesinde täzeden dikeldilip, bu gün dünýäniň ýurtlaryny we halklaryny birleşdirýär.

Soňky habarlar