RECCA baradaky düşünje

Owganystana ýardam bermek maksady bilen Günorta we Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça synanyşyklaryň biri – bu hem Owganystanda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça geçirilýän maslahatdyr (RECCA). RECCA – munuň özi bir forum bolmak bilen, Owganystanda durnuklylygy, Günorta we Merkezi Aziýada bolsa sebitleýin ykdysady integrasiýany gazandy.

Ykdysadyýetiň ösüşinde, garyplygyň möçberlerini azaltmakda we syýasy, ykdysady hem-de sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde sebitleýin hyzmatdaşlygyň iňňän uly ähmiýetini göz öňünde tutup, 2005-nji ýylda Owganystanda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ilkinji maslahat Kabulda geçirildi.

Bu maslahata sebitiň on bir ýurdy gatnaşdy we ol Owganystanyň ýolbaşçylygynda sebitleýin hyzmatdaşlygyň esasy bölegi bolup, dürli halkara tagallalary goldamak we çaltlandyrmak üçin ähli güýç-kuwwatyňy gaýgyrman hereket etmelidigini belledi. Maslahatda sebitiň gidroenergetiki kuwwatyny höweslendirmek we önjeýli ulanmak üçin diňe hemme gatnaşyjylaryň razylygy bilen bilelikdäki ädimleri ädip boljakdygy aýdyldy.

Mundan başga-da maslahatda sebitleýin alyş-çalyş ulgamynda hyzmatdaşlyk, suwy bilelikde ulanmak, neşe serişdelerine garşy göreş, ulag, energiýany ibermek, söwdanyň düzgünlerini ýönekeýleşdirmek we işewür ýagdaýy döretmek ýaly meselelere garaldy.

Maslahatda sebitiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga esaslanýan Owganystanyň ösüş strategiýsy bütin sebitde garyplygyň möçberlerini azaltmak we Müňýyllygyň ösüş maksatlaryna ýetmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär diýlip bellenildi.

Şeýle hem maslahatda dürli sebit we halkara guramalary, hususan-da, Ykdysay hyzmaydaşlyk guramasy, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy, Günorta Aziýada sebit hyzmatdaşlyk assosiasiýasy, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ykdysay hyzmatdaşlyk maksatnamasy, Merkezi we Günorta Aziýanyň ulag we söwda boýunça forumy we başgalar sebit ykdysady hyzmatdaşlygyň möçberlerini we mazmunyny gowulandymaga örän uly goşant goşýandygy aýdyldy.

Bu ýagdaýy resmileşdirmek üçin, maslahatda hemme sebit paýtagtlary öz ýurtlarynda Owganystanda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça maslahaty geçirmelidirler diýlip karar kabul edildi.


RECCA I - RECCA VI Jarnamalar:


RECCA VI - Kabul 2015

Owganystanda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça maslahatyň Kabul Jarnamasy

RECCA V - Duşanbe 2012

Owganystanda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça maslahatyň Duşanbe Jarnamasy


RECCA IV - Stambul 2010

Owganystanda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça maslahatyň Stambul Jarnamasy


RECCA III - Yslamabat 2009

Owganystanda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça maslahatyň Yslamabat Jarnamasy


RECCA II – Nýu-Deli 2006

Owganystanda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça maslahatyň Nýu-Deli Jarnamasy


RECCA I - Kabul 2005

Owganystanda sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça maslahatyň Kabul Jarnamasy

Soňky habarlar