2019-njy ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi GDA-nyň esasgoýujy resminamalaryna laýyklykda alnyp baryldy we ozal kabul edilen halkara ylalaşyklaryny we çözgütlerini yzygiderli esasda ýerine ýetirmäge, Arkalaşygyň gün tertibini many-mazmun taýdan doldurmaga gönükdirilendir.

Başlyklyk etmek geljekdäki hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de Arkalaşygyň ösüşine yzygiderli itergi bermek maksady bilen deňlik, dostlukly goňşuçylyk we birek birege hormat goýmak esasynda agza döwletleriň dostlukly özaragatnaşyklaryny berkitmäge, gatnaşyjy ýurtlaryň halklaryny abadançylygynyň ösüşini üpjün etmäge ýardam eder.

2019-njy ýylda Türkmenistan şol bir wagtda Döwlet Baştutanlarynyň geňeşinde, Hökümet Baştutanlarynyň geňeşinde, Daşary işler ministrleriniň geňeşinde, Ykdysady geňeşinde, Arkalaşygyň agza döwletleriniň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň geňeşinde, Arkalaşygyň düzgünnamalaýyn we beýleki edaralarynda, şeýle hem GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleleri boýunça Komissiýasynda başlyklyk eder.

Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň öňdebaryjy maksatlary şu aşakdakylar bolar:

  • GDA-nyň agza döwletleriniň arasynda ynamy we özara düşünişmegi berkitmek, GDA-nyň gurşawynda durnuklylygy we howpsuzlygy goldamaga gönükdirelen başlangyçlaryna ýardam etmek, GDA agza döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen syýasy-diplomatik özaragatnaşygyny güýçlendirmek;

  • abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG we ÝHHG bilen GDA-nyň hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy meselelerini çözmekde Arkalaşygyň agza döwletleriniň tagallalaryny utgaşdyrmak;

  • özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek we giňeltmek, ulag we energetik taslamalary durmuşa geçirilýän, häzirki zaman infrastrukturasy sebitara ähmiýetli logistika merkezleriniň aragatnaşygyny döretmek maksady bilen, amatly şertleri döredilýän gurşaw hökmünde dünýä hojalyk gatnaşyklaryna girişmek üçin amatly şertlerini döretmek;

  • energetika, ulag, aragatnaşyk we kommunikasion ugurlarynda GDA ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek;

  • arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň arasynda giň medeni, ynsanperwer, ylym, bilim, sport gatnaşyklaryny goldamak we ösdürmek.

Daşary syýasy ugrunda Türkmenistan sebitleýin we sebitara derejesinde howpsuzlygyň we durnuklylygyň berkidilmegine, özara ynam derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, işjeň ýardam bermegi, parahatçylygyň we ylalaşygyň, häzirki zaman meseleleriniň we howplarynyň, şeýle hem jedelleriň döremeginiň howpuny aradan aýyrmaga parahatçylygy döredýän hereketlerini we netijeli gepleşiklerine ýardam bermegi maksat edinýär.

Bu maksatlara ýetmek üçin Türkmenistan GDA-nyň agza döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen syýasydiplomatik özaragatnaşygyny güýçlendirmegiň, bu ugurdaky hereketleriň orta möhletli maksatnamasy esasynda ulgamlaýyn, yzygiderli köptaraplaýyn syýasy geňeşmeleriniň netijeli mehanizmlerini döretmegiň zerurdygyny görýär.

Türkmenistan durnukly ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça GDA-nyň halkara düzüm birlikleri bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde iri halkara guramalary, esasan hem Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri we edaralary, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga ýardam eder. Başlyklyk etmeginiň owamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna, häzirkizaman global hem-de sebitleýin meselelerine oňyn ähmiýetine hemmetaraplaýyn ýardam eder.

Türkmenistanyň söwda-ykdysady babatdaky tagallalary bilelikdäki işiň täze usullaryny işläp taýýarlamaklyga, hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan görnüşlerini gözlemeklige, köptaraplaýyn arkalaşykly hereketiň anyk ugurlaryny kesgitlemeklige gönükdiriler.

Türkmenistan, hususan-da, ykdysadyýet babatda özara hyzmatdaşlygyň GDA-da jemlenen köp ýyllyk tejribesine esaslanyp, ykdysady gatnaşyklary diňe bir Arkalaşygyň çäklerinde ösdürmäge däl-de eýsem, olary sebitara we halkara derejä çykarmaga mümkinçilik berýän hyzmatdaşlygyň netijeli usullaryny döretmäge ýardam berer.

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ykdysady ösüşi babatda ozal kabul edilen resminamalaryň ýerine ýetirilişinde ýardam bermäge aýratyn üns bermegi göz öňünde tutýar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek üçin Arkalaşygyň hyzmatdaşlyk boýunça pudaklaýyn edaralaryny çekmek, köptaraplaýyn arkalaşykly hereketiň anyk ugurlaryny kesgitlemek möhüm hasaplanylýar. Şeýle hem sebitara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns beriler.

Energetika ugry GDA-da başlyk ýurt hökmünde Türkmenistanyň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolar. Türkmenistan energiýa serişdelerini ibermek meseleleri boýunça köptaraplaýyn giň gatnaşygy ýola goýmak, energiýa serişdeleriniň halkara bazarynda döwletleriň işiniň anyk we takyk ýörelgelerini işläp taýýarlamak maksady bilen, Arkalaşyk boýunça hyzmatdaşlary bilen işi güýçli depginde dowam eder. Şeýle hem Türkmenistan energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini peýdalanmak babatda GDA gatnaşyjy döwletleriň hyzmatdaşlygynyň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri amala aşyrmak zerur diýip hasap edýär.

Ulag gatnawyny ösdürmegi Türkmenistan GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň möhüm tarapy diýip hasap edýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan ençeme iri ulag taslamalaryny amala aşyrmak bilen baglanyşykly Arkalaşygyň ýurtlarynyň öňünde açylýan mümkinçilikleri doly durmuşa geçirmek üçin tagallalary gönükdirer. Hususan-da, bu ýerde gürrüň Ýewraziýa giňişliginde ulag akymlarynyň, şeýle hem Demirgazyk – Günorta we Gündogar – Günbatar ulag ýollaryny netijeli ulanmak maksady bilen, Merkezi Aziýa, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitleriniň ulag-kommunikasiýa ulgamynyň uly mümkinçiliklerini nazara alyp, GDA döwletleriniň arasyndaky ombinirlenen gatnawlarynyň (awtomobil, demir ýol we deňiz ýoly) mümkinçiliklerini peýdalanmak barada barýar.

Durmuşa geçirilen ulag we energetika taslamalary, häzirki zaman infrastrukturasy, logistik merkezleriniň aragatnaşyklary GDA gatnaşyjy döwletleriň köpüsiniň möhüm bäsdeşlige ukyply artykmaçlygy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistan 2019-njy ýylda başlyklygyň dowamynda halkara ulag geçelgelerini netijeli peýdalanmak we ösdürmek üçin ýardam bermegi dowam etdirer.

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň arasynda ylmy-tehnologiýa we bilim babatda gazanylýan üstünlikleri giňden alyşmak boýunça işi güýçlendirmegi zerur hasaplaýar. Bu ugurda Arkalaşygyň döwletleriniň ylmy we ylmybarlag merkezleriniň arasyndaky gatnaşyklary goldamak we höweslendirmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikdäki maksatly barlaglary guramak, nouhau taslamalaryny modelleşdirmek, tejribe alyşmak we hünärmenleri okatmak esasy ädimleriň biri bolup durýar.

Bilim babatdaky hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň işiniň ileri tutulýan ugry bolup durýar. GDA ýurtlarynyň tagallalaryny iň täze maglumatlar we kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak bilen, hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça hereketleriniň ýollaryny kesgitlemegi we utgaşdyrmagy öz içine alýan bilim ulgamyny ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirmek teklip edilýär.

2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Kitap ýyly diýip yglan edilmegiň çäklerinde ýaş nesli çeper edebiýat bilen tanyşdyrmaklyga gönükdirilen, medeni aň-bilim çärelerini geçirmeklige bagyşlanan çäreleriň amala aşyrylmagyna, şekilli kitaplaryň sergilerini gurnamaklyga wizual medeniýeti arkaly kitaby we okamagy ösdürmäge aýratyn üns beriler.

Medeni hyzmatdaşlyk halklaryň arasynda özara ýakynlaşmagynyň we hormat goýmagyň netijeli görnüşi bolmak bilen, Türkmenistanyň GDA-daky işiniň esasy ugurlaryndan biri bolar. Şundan ugur alyp, Türkmenistan 2019-njy ýylda Arkalaşygyň halklarynyň baý medeni-taryhy mirasyny gorap saklamak we wagyz etmek boýunça geljegi uly bolan bilelikdäki meýilnamalary jikmejik ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi maksadalaýyk hasap edýär. Şu babatda Türkmenistan «Arkalaşygyň medeni paýtagtlary» atly Döwletara maksatnamasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmekde ýardam bermegi göz öňünde tutýar.

Türkmenistan başlyklygyň çäklerinde sport babatda hyzmatdaşlygyň meselelerine hem aýratyn üns bermegi meýilleşdirýär. 2020-nji ýyla çenli döwür üçin GDA-da sportuň milli görnüşlerini goldamak we olary ösdürmek Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi üns merkezinde bolar.

Şu babatda ol GDA ýurtlarynyň Milli Olimpiýa Komitetleriniň we beýleki sport guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam berer. Geljek ýylda Türkmenistan Arkalaşygyň döwletleriniň gatnaşmagynda uly sport çärelerini geçirmegi göz öňünde tutýar.

Soňky habarlar