icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

19 aprel 2024

814

Eýranda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherindäki Baş konsullygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä edebiýatçylar, şahyrlar, Eýranda ýaşaýan magtymgulyşynaslar, edebi neşirleriň şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar Türkmenistanyň şöhratly taryhyny we baý milli medeni mirasyny öwrenmekde we ýaýratmakda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň ähmiýeti barada çykyş edip, mazmunynyň maglumata baýdygyny, materiallaryň görkezilişiniň çuňlugy we aýdyňlygy bilen tapawutlanýandygyny nygtap geçdiler.

Şeýle hem kitabyň türkmen, iňlis we rus dillerinde ýazylmagy eseriň daşary ýurtly okyjylara kitap bilen tanyşmak üçin ýeňillikleri döretjekdigi aýratyn bellendi.

Täze kitabyň neşir edilmegi, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda geçirilýän şeýle hem Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan edilen ýylyna gabat gelmegi bolsa bu wakalary bir ýere jemläp, olary taryhyň sahypalarynda hemişelik saklar.

Soňra bolsa medeni çäre Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan elde çekilen suratlaryň sergisi we beýik türkmen şahyrynyň şygyrlarynyň okalyşy bilen dowam etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi