icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

13 sentýabr 2024

704

Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy Tibliside geçirildi

2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasynyň gurnamagynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Tanyşdyryş dabarasyna Gruziýanyň Parlamentiniň, esasy ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, Gruziýada akkreditlenen daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň, Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň, Gruziýanyň Ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň, ýokary okuw jaýlarynyň rektorlary, professor-mugallymlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çärä Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekillerinden, medeniýet we sungat ussatlaryndan ybarat bolan Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary L.Darsalia çykyş edip, Türkmenistany ýetip gelýän Garaşsyzlyk güni bilen gutlady we Türkmenistan bilen Gruziýany birek-birege hormat, deňhukuklylyk we aç-açanlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýlan, däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigini belledi. Şeýle hem, türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilmeginiň yzygiderli syýasy dilaloga esaslanýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň strategiki ugurlarynyň biri hökmünde ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda oňyn halkara dialogyny ilerletmegiň, sebit we dünýä derejesinde konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çykyş edýändigini belledi.

Şeýle hem Ilçi Magtymgulynyň goşgularynyň gruzin diline terjime edilmeginiň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky dostlugyň, doganlygyň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ýene bir aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtady.

Gruziýanyň Ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň Başlygy Makwala Gonaşwili döredijilik mirasy dünýäniň ruhy hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen halkynyň beýik oglunyň goşgularynyň terjimesiniň üstünde işlemegiň özi üçin uly mertebe bolandygyny belledi.

Gruziýanyň Tehniki uniwersitetiniň rektory D.Gurgenidze Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň bütin dünýäde tanalýandygyny we oňa ýokary bahanyň berilýändigini, şeýle hem gruzin dilindäki bu kitabyň gruzin şygryýet söýüjilerine şahyryň zehininiň çuňlugyny we özboluşlylygyny açmaga kömek etjekdigini nygtady.

Dabarada çykyş edenler döredijilik intellegensiýasynyň wekilleriniň halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky, şeýle hem iki ýurduň medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny we milli sungatyny gorap saklamakdaky möhüm ornuny bellediler.

Çäräniň dowamynda türkmen we gruzin halk aýdymlary ýerine ýetirildi, myhmanlara türkmen milli tagamlary hödürlendi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi