icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

23 noýabr 2024

451

Kiýew şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli medeni çäre geçirildi

2024-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynda «Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragy we ynsanperwer şahyryň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryň hazynasyna goşan goşandy» atly medeni çäre geçirildi.

Çärä Ukrainanyň ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, medeniýet, sungat we bilim işgärleri, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Söwda-senagat palatasynyň, KHBS-iň, türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Çykyş edenler türkmeniň medeni mirasyny geljekde hem ylmy taýdan öwrenmegiň we dünýäde giňden wagyz etmegiň möhümdigini nygtadylar. Bu babatda parahatçylyk, agzybirlik we adalatlylyk ýörelgeleriniň öçmejek gymmatlyklaryny açyp görkezýän ynsanperwer şahyr Magtymguly Pyragynyň şygryýetine aýratyn orun degişlidir.

Şu ýylda şahyryň ukrain diline terjime edilen goşgularynyň «Магтимгули Пираги. 300 рокiв 3 дня народження. Одкровення» atly doly ýygyndysynyň neşir edilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Şahyrana sözüň ussadynyň döredijiligini wagyz etmekde Kiýewiň Magtymguly adyndaky kitaphanasyna aýratyn orun degişlidir. Bu ýerde  ýylyň dowamynda köp sanly mowzuklaýyn çäreler geçirildi.

Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi T.Ataew T.Şewçenko adyndaky «Просвіта» Bütinukrain jemgyýetiniň ýolbaşçysy P.Mowçany «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyny okady we Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Magtymgulyny öwreniji belli alyma we şahyryň eserleriniň terjimeçisine ýokary sylagy gowşurdy.

Şeýle-de Türkmenistanyň Ilçisi «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly medala mynasyp bolan professor N.Waskiwi gutlady. Professora bu sylagy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň oktýabrynda Aşgabat şäherinde gowşurdy.

Soňra Magtymgulynyň örän baý edebi mirasynyň wagyz edilmegine, ýurtlaryň arasyndaky dostlugyň we medeni-bilim hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine goşan aýratyn goşantlary üçin ukrain neşirýatçylaryna, kitaplaryň awtorlaryna, terjimeçilere we kitaphanaçylara ýadygärlik sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Şol bir wagtyň özünde Ilçihana tarapyndan geçirilýän çärelere yzygiderli gatnaşýan ukrain medeniýet we bilim işgärleriniň zähmeti aýratyn bellenildi.

Medeni çäräniň çäklerinde sergi guralyp, onda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary, türkmen halk we amaly-haşam sungatynyň eserleri, milli lybaslar we şaý-sepler, türkmeniň medeni mirasy barada gürrüň berýän suratlar görkezildi.

Çäräniň dowamynda türkmen ýaşlary medeni maksatnama bilen çykyş etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi