icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

04 mart 2025

712

«Ukraina-Türkmenistan: medeni gatnaşyklary özara baýlaşdyrmak» taslamasynyň çäginde Magtymguly Pyragynynyň ukrain dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň 2-nji martynda Kiýew şäheriniň Magtymguly adyndaky kitaphanasynda «Ukraina-Türkmenistan: medeni gatnaşyklary özara baýlaşdyrmak» taslamasynyň çäginde Magtymguly Pyragynyň «Маґтимґули Пираґи. Одкровення» atly ukrain dilinde neşir edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä şahyrlar we ýazyjylar, umumy bilim berýän, aýdym-saz mekdepleriniň we döredijilik sungat birleşikleriniň mugallymlary, wekilleri we okuwçylary, talyplar we türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyryş dabarasynda Magtymgulynyň döredijilik mirasyny, şeýle-de şahyryň durmuş ýoluny we filosofiki garaýyşlaryny terjime eden we öwrenen ukrain medeni işgärleriniň goşandynyň Türkmenistanda örän uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Olaryň hatarynda Pawel Mowçan we Nikolaý Waskiwiň Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanandyklary aýratyn bellenildi

Magtymguly Pyragynyň ukrain diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň, iki ýurduň halklarynyň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygynyň beýanydygy bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi