icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

17 maý 2025

618

Alaniýa şäherinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ylmy maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Alaniýa şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň hem-de Alaniýa uniwersitetiniň bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ylmy maslahat geçirildi.

Çärä Alaniýa şäher häkimliginiň başlygy Fatih Ýürkmezer, Alaniýa uniwersitetiniň rektory Aýkut Ekenji, şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň jemgyýetçilik-syýasy edaralarynyň, ylmy we döredijilik bileleşikleriniň, KHBS-iň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Çykyş edenler Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul edilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2025” atly kararnamasynyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tarapyndan yglan edilen “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly halkara gatnaşyklarynyň filosofiýasynyň iş ýüzündäki beýanyna öwrülendigini bellediler.

Maslahata gatnaşyjylara türkmen Bitaraplygynyň şanly senesine bagyşlanan mowzuklaýyn wideoşekiller görkezildi.

Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Alaniýa uniwersitetiniň kitaphanasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň türk dilinde neşir edilen kitaplarynyň nusgalary sowgat berildi.

Mundan başga-da, möhüm wakalar mynasybetli surat sergisi guraldy we onda Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, adamlaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilen şähergurluşyk syýasatynyň üstünliklerini we onuň oýlanyşyklydygyny şöhlelendirýän surat panoramasy görkezildi.

Alaniýada geçirilen çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi M.Işangulyýew şäher häkimliginiň başlygy Fatih Ýürkmezer we Alaniýa uniwersitetiniň rektory Aýkut Ekenji bilen duşuşyklary geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi