icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img
img
img

28 iýun 2025

1237

Kiýew şäherinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bellenildi

2025-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Kiýew şäherinde Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyny gurady.

Dabara döredijilik intellegensiýasynyň wekilleri, medeniýet, bilim we ylym işgärleri, ýerli dolandyryşyň wekilleri, teatrlaryň, muzeýleriň, milli kitaphanalaryň ýolbaşçylary, Ukrainada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, žurnalistler, işewür toparlaryň wekilleri, Ukrainadaky türkmen talyplary we türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň resmi bölümi Türkmenistanyň Ilçihanasynda dowam etdi. Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçisi T.Ataýew öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň köptaraplaýyn döredijiliginiň türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň dürli taraplaryny öz içine alýandygyny belledi.

Çäräniň çäginde Magtymguly Pyragynyň türkmen we ukrain dillerindäki goşgulary çeper okaldy.

Çäräniň çäklerinde gatnaşyjylar Pyragynyň ukrain we beýleki daşary ýurt dillerine terjime edilen goşgularynyň ýygyndylarynyň, şahyryň ömri we döredijiligi baradaky neşirleriň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ukrain diline terjime edilen kitaplarynyň sergisi bilen tanyşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi