icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

29 awgust 2025

1765

Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen Gazagystanyň Mangistau welaýaty strategik hyzmatdaşlygy berkidýär

2025-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau welaýatyna bardy.

Saparyň dowamynda Mangistau welaýatynyň häkimi Nurdaulet Kilybaý bilen duşuşyk geçirildi. Onuň çäklerinde serhetýaka özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna seredilip geçildi hem-de 2025-2027-nji ýyllar üçin strategik hyzmatdaşlygyň ösüş maksatnamasy ylalaşyldy.

Balkan welaýatynyň häkimi duşuşykda eden çykyşynyň barşynda iki welaýatyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň baştutanlarynyň kesgitlän ugurlaryna gabat gelýändigini belledi, şeýle-de iki döwletiň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryň geljekki ösüşine ýardam etjekdigini nygtady.

Gepleşikleriň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga bolan ikitaraplaýyn gyzyklanmany tassykladylar hem-de serhetýaka özara gatnaşyklary ösdürmeklige we dostlukly gatnaşyklary berkitmeklige gönükdirilen anyk çäreleri bilelikde durmuşa geçirmäge bolan taýýarlygy barada bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi