icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

08 sentýabr 2025

3256

Aziýa medeniýet festiwaly: bir yklym – müňlerçe hekaýa

2025-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Buharest şäheriniiň Dimitriýe Gusti adyndaky Milli oba muzeýiniň hemaýat bermeginde, Türkmenistanyň Ilçihanasy we Aziýa döwletleriniň diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda gurnalan III Aziýa medeniýet festiwaly geçirildi.

Festiwalda Rumyniýanyň döwlet edaralarynyň, diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hem-de paýtagtyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Ilçihanasynyň sergisiniň meýdançasynda milli lybaslar, haly önümleri, nagyşlar, saz gurallary, şeýle hem milli geýimleriň häzirki zaman bezeg çözgütleri myhmanlara görkezildi.

Medeni maksatnamanyň çäklerinde türkmen bagşysynyň dutarda milli halk aýdymlaryny ýerine ýetirmegi dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Edebi mirasymyzyň görkezilişine aýratyn orun berildi: myhmanlar Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideriniň eserleri, şeýle hem beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dürli dillere, şol sanda rumyn diline terjime edilen eserleri bilen tanyşdylar.

Muzeýiň myhmanlarynyň ünsüni gadymy däpler bilen häzirki zaman modasynyň täzeliklerini sazlaşykly birleşdirýän türkmen lybaslarynyň toplumy hem özüne çekdi.

Festiwalyň jemleýji bölegi hökmünde gurnalan «Aziýa ýurtlarynyň aşhanasy» atly sergide ähli gatnaşyjy ýurtlaryň milli tagamlary myhmanlara hödürlenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi