icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

08 oktýabr 2025

892

Awstriýada we Wengriýada Türkmenistanyň parahatçylyk söýüji bitaraplyk syýasatyna bagyşlanan çäreler geçirildi

2025-nji ýylyň oktýabrynyň başynda Wenada Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Awstriýadaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmen-awstriýa jemgyýeti bilen bilelikde gurnaldy.

Ýüzlerçe gatnaşyjylaryň arasynda – Awstriýa Respublikasynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, diplomatik korpusyň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň we hususy sektoryň wekilleri, şeýle-de talyp ýaşlar we KHBS wekilleri.

Türkmenistanyň Awstriýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hemra Amannazarow öz çykyşynda Türkmenistanyň bitaraplyk, parahatçylyk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk ygrarlydygyny nygtady. Ol Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda beýan eden ileri tutulýan garaýyşlarynyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Awstriýanyň syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk üstünlikli alnyp barylýandygy bellenildi.

Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen Aleksandr Wan der Belleniň arasynda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde bolan duşuşygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Çäräniň dowamynda Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işleri boýunça Federal ministrliginiň protokol bölüminiň ýolbaşçysy Maksimilian Hennig hem-de Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger çykyş etdiler. Olar Türkmenistanyň we Awstriýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler hem-de bitaraplyk syýasatynyň dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmakdaky goşandyny nygtadylar.

***

2025-nji ýylyň 2–4 oktýabry aralygynda Wengriýanyň Lakitelek şäherinde hem Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi.

Çärelere Wengriýa hökümetiniň wekilleri, diplomatlar, ylym, medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar, jemgyýetçilik we metbugat wekilleri gatnaşdylar.

Esasy dabara Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat boldy. Oňa gatnaşanlar Türkmenistanyň hemişelik bitarap döwlet hökmünde gazanan üstünliklerini belläp geçdiler.

Şeýle hem Maslahatda Birleşen Milletler Guramasynyň üç sany rezolýusiýasy bilen ykrar edilen we tassyklanan Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesiniň dünýäde parahatçylygyň, dialogyň we durnukly ösüşiň ilerlemegine uly goşant goşýandygy nygtaldy.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” hem-de “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaplarynyň sergisi gurnaldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert geçirildi. Konsertde türkmen kompozitorlarynyň eserleri, dutarda we beýleki milli saz gurallarynda ýerine ýetirilen milli aýdymlar we sazlar diňlenildi.

Şeýle hem türkmen halkynyň el işleriniň, halylarynyň, nagyşlarynyň we amaly-haşam sungatyna degişli bezeg önümleriniň sergisi geçirildi. Sergä gatnaşyjylar türkmen ussatlarynyň baý medeni mirasy bilen tanyş boldular.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi