icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img
img
img

17 oktýabr 2025

1656

Daşkent şäherinde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Özbegistanyň Mirzo Ulugbek adyndaky milli uniwersitetinde 2025-nji – “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň çäklerinde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň, Özbegistan Respublikasynyň milletara gatnaşyklar we daşary ýurtdaky watandaşlaryň meseleleri boýunça komitetiniň, Ýazyjylar birleşiginiň, Respublikan türkmen medeniýet merkeziniň, Merkezi Aziýanyň Halkara institutynyň ýolbaşçylary we wekilleri, tanymal Magtymgulyşynaslar şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow öz çykyşynda Magtymguly Pyragynyň parahatçylyk baradaky öňe süren garaýyşlary häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary syýasy ýörelgeleriniň esasyny düzýändigini we bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitabynda giňişleýin beýan edilýändigini belledi.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä edebiýatyny baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedigini we beýik akyldaryň parahatçylyk, agzybirlik we ynsanperwerlik ýaly belent häsiýetleri şöhlelendirýän şygyrlarynyň häzirki wagtda nusgalyk, parasatly pikirleriň çeşmesine öwrülendigini bellediler. Şeýle hem, çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmekde aýratyn orna eýedigi nygtaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi