icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

28 ýanwar 2026

65

Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

2026-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Tbilisiniň Ýunus Emre adyndaky institutynda Bütindünýä türki diller maşgalasynyň gününe bagyşlanan çäre geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdylar.

ÝUNESKO tarapyndan 15-nji dekabryň Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni diýlip yglan edilmegi maddy däl medeni mirasy gorap saklamaga we dünýädäki dilleriň dürlüligini goldamaga gönükdirilen möhüm ädim bolup durýandygy bellenildi.

Ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow türki dilleri diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem nesilleriň arasyndaky taryhy pelsepäni we halkyň şygrýetini özünde jemleýän hem-de adamzadyň ruhy ösüşini baýlaşdyrýan janly köprüdigini nygtady.

Ol Bütindünýä türki diller maşgalasynyň gününiň giň gerimli ylmy barlaglaryň geçirilmegine we türki dilleri gorap saklamaga, şeýle hem medeniýetleriň ýakynlaşmagyna we olaryň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanmagyna gönükdirilen bütindünýä dialogynyň ösüşine ýardam berjekdigini aýratyn belledi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi