icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

29 ýanwar 2026

55

Pekin şäherinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanyp dabara geçirildi

2026-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynda 2026-njy ýylyň Türkmenistanda: «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegine hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli çapdan çykan kitabyna bagyşlanyp tanyşdyryş dabarasy geçirildi. 

Geçirilen çärä Ilçihananyň işgärleri, Hytaý Atçylyk Assosiýasiýasynyň Baş sekretary, Türkmenistan-Hytaý medeniýet merkeziniň wekilleri, “Psearcher”, “Lookwe” žurnallarynyň baş redaktorlary, žurnalistleri hem-de Pekin şäheriniň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we türkmenistanly talyplary gatnaşdylar.

Dabarada giriş sözi bilen Türkmenistanyň Ilçisi Parahat Durdyýew çykyş etdi. Ol öz çykyşynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmeginiň  ähmiýetini oňa gatnaşyjylara açyp görkezdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly kitabynyň many-mazmuny ýetirdi.

Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabynyň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň taryhy esaslaryny, onuň halkara hukugyndaky ornuny we häzirki zaman dünýä syýasatyndaky ähmiýetini giňişleýin beýan edýändigini bellediler.

Hytaýly hyzmatdaşlar öz çykyşlarynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň netijeliligi we ösüş depgini, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurduň gazanýan üstünlikleri, halkara giňişligindäki bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan abraýy barada belläp geçdiler.

Tanyşdyryş dabarasynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Oba hojalygy ylymlary akademiýasy we Içki Mongoliýa uniwersitetiniň biohimiýa we molekulýar biologiýa boýunça hünärmeni Weý Huakaýa Halkara alabaý itleri assosiasiýasyna agzalyga kabul edilmegi baradaky degişli şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi