28 oktýabr 2015
5974
Şu gün, Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, güýçli ýer titremede ejir çeken doganlyk owgan halkyna ilkinji kömegi bermek maksady bilen üstüne gurluşyk serişdeleri we iýmit önümleri ýüklenen ynsanperwer kerweni Owganystana ugradyldy.
Bolup geçen tebigy betbagtçylyk hakyndaky habara gaýragoýulmasyz jogap edip, Türkmenistan ilkinji bolup doganlyk owgan halkyna özüniň kömek-goldawyny berdi. Ugradylan ynsanperwerlik kömegi Badahşan, Tahar, Nangarhar, Kunar we Kabul welaýatlarynyň heläkçilik çeken etraplaryna paýlanyp berler.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
2015-nji ýylyň 28-nji oktýabry
Başga habarlar
11
Apr
Türkmenistanyň Ilçisiniň «Oba hojalygynyň irrigasiýasy we mehanizasiýasy inženerleri Daşkent instituty» milli ylmy-barlag uniwersitetiniň rektory bilen duşuşygy
09
Apr
ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
09
Apr
Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
07
Apr
Pariž şäherinde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda medeni-sazly agşam geçirildi
06
Apr
Gretz-Armanwilýe şäherinde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi
Ähli habarlary görmek