icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

08 dekabr 2019

1108

HALKARA BITARAPLYK GÜNÜNE BAGYŞLANYP SPORT ÝARYŞLAR GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Aşgabatdaky Sebit merkeziniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 2019-njy ýylyň 30-njy noýabry-8-nji dekabry aralygynda badminton, küşt we futzal boýunça ýaryşlar geçirildi.

30-njy noýabrda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirilen küşt ýaryşyň jemi boýunça 1-nji we 2-nji orunlara Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň, 3-nji orna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri mynasyp boldular.

         Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport toplumynda geçirilen badminton ýaryşda 1-nji orny Pakistan Yslam Respublikasynyň, 2-nji orny Hytaý Halk Respublikasynyň we 3-nji orny Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanalarynyň wekilleri eýelediler.

Ýaryşlarda ýeňijilerine Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Hormat hatlary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň medallary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Guralan ýaryşlar 7-8-nji dekabrda “Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda geçirilen futzal bilen tamamlandy. Çekeleşikli geçen ýaryşyň jemi boýunça 1-nji orna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, 2-nji orna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we 3-nji orna Russiýanyň, Ermenistanyň, Malaýziýanyň Türkmenistandaky Ilçihanalarynyň birleşen topary mynasyp boldy.

Futzal boýunça ýaryşda ýeňiji bolan topar göçme Kubogy, baýrakly orunlara mynasyp bolan toparlar bolsa medallar hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Hormat hatlary bilen sylaglandylar. Şeýle-de ýaryşda “Iň gowy derwezeban”, “Iň gowy hüjümçi” diýen atlara mynasyp bolan oýunçylar hem aýratynlykda tapawutlandyryldy.

Geçirilen futzal ýaryşyň dowamynda “Ilçileriň dostluk oýny” hem guraldy. Oňa Türkmenistanda akkreditirlenen Ilçiler, ýurdumyzyň daşary ýurtlarda wekilçilik edýän Ilçileri, şeýle-de  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Oýunlar dostluk, baýramçylyk ruhunda geçdi, emma muňa garamazdan ýaryşlarda bäsdeşlik, çekeleşiklilik we ýeňşe bolan ymtylyş hem bardy.

         Ministrlik bu ýaryşlary geçirmekde beren ýardamy üçin Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine, ýurdumyzyň futbol we badminton federasiýalaryna, Aşgabat şäher häkimligine, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Aşgabatdaky Sebit merkeziniň hem-de beýleki degişli edara-guramalara öz minnetdarlygyny bildirýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi