icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

05 maý 2020

1901

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Goşulyşmazlyk hereketiniň ýokary derejedäki duşuşygynda eden çykyşy

Hormatly ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylar!

Ilki bilen, häzirki döwürde adamzadyň gabat gelen örän ýiti meselesine bagyşlanan şu ýokary derejedäki duşuşygy çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edendigi üçin, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Onuň Alyhezreti Ilham Geýdarowiç Aliýewe minnetdarlyk bildirýärin!

Öz hatarlaryna dünýäniň ykbaly üçin umumy jogapkärçilik bilen birleşen 120 döwleti öz içine alýan Goşulyşmazlyk hereketiniň bu meseläniň çözülmeginden daşda durup bilmejekdigine ynanýaryn.

Şu nukdaýnazardan, onlaýn arkaly geçirilýän şu günki duşuşyk örän ähmiýetli we öz wagtynda geçirilýän duşuşyk bolup durýar. Bu çäre pikir alyşmaga we çylşyrymly ýagdaýa baha bermäge hem-de ony ýeňip geçmegiň ýollaryny maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.

Şoňa görä-de, men bu meseläniň käbir taraplary barada durup geçmek isleýärin.

Birinjiden, pandemiýa garşy netijeli göreşmek bütin halkara bileleşiginden bilelikdäki, umumy we raýdaşlyk hereketlerini talap edýär. Men hut raýdaşlyk hereketlerini aýratyn bellemek isleýärin.

Sebäbi, her ýurduň milli derejede, ýagdaýa baglylykda bu howply ýokanjyň ýaýramagyna garşy öz işlerini ýola goýýandygy düşnüklidir.

Şunuň bilen birlikde, ýekelikde gysga wagtlyk wezipeleri çözüp, tapgyrlaýyn üstünlikleri gazanyp boljakdygyna ynanýaryn. Ýöne epidemiýa ählumumy howpdur. Şoňa görä-de, ol ählumumy hereketleri talap edýär, hemmetaraplaýyn häsiýetli, uzak möhletleýin strategiýany öz içine alýar.

Şunuň bilen baglylykda, Goşulyşmazlyk hereketiniň çäklerinde maksatnamalaýyn resminamany işläp taýýarlamagy hem-de kabul etmegi teklip edýärin. Bu resminama epidemiýa garşy göreşde agza döwletleriň raýdaşlyk işiniň esasy ýörelgelerini, şeýle hem ýokanjyň öňüni almaga we ony ýok etmäge gönükdirilen çäreler toplumyny öz içine alýar.

Ikinjiden, häzirki döwürde döwletleriň guramaçylyk, ahlak, maliýe we maddy taýdan özara goldawy we kömegi köptaraplaýyn tagallalaryň örän möhüm tarapy bolup durýar. Şeýle kömek berlende, hiç bir ýagdaýda onuň syýasylaşdyrylmagynyň, kemsitmegiň, haýsydyr bir şertleri öňe sürmegiň kabul ederlikli däldigini bellemek isleýärin.

Üçünjiden, pandemiýa we onuň ýaramaz netijelerine garşy göreşde ýokary derejeli hünärmenleriň ysnyşykly işlemeginiň örän uly ähmiýeti bardyr. Bu ugurda ylmy diplomatiýanyň usullaryny doly derejede ulanmak gerek. Bu bolsa keseli bejermegiň we onuň öňüni almagyň usullary boýunça hemişe tejribäni, bilimleri we maglumatlary, şeýle hem lukmançylyk serişdelerini we enjamlaryny, şahsy gorag serişdelerini alyşmagy aňladýar.

Şunuň bilen baglylykda, Goşulyşmazlyk hereketiniň döwletleriniň alym-lukmanlarynyň geňeşiniň döredilmegini maksadalaýyk hasaplaýaryn.

Dördünjiden, biziň bilelikdäki köptaraplaýyn işlerimiz Birleşen Milletler Guramasynyň utgaşdyryjy hyzmaty arkaly we wirus kesellerine garşy göreşde özboluşly tejribe toplan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk alnyp barylmalydyr.

Pursatdan peýdalanyp, men Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň işini Türkmenistanyň doly goldaýandygyny aýtmak isleýärin. Alyp barýan tutanýerli we ýokary derejeli işi üçin, bu guramanyň ýolbaşçylaryna we işgärlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Biziň ýurdumyz bu möhüm halkara düzüm bilen işjeň hyzmatdaşlygyny dowam eder hem-de oňa hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardyr.

Emele gelen häzirki ýagdaýda Goşulyşmazlyk hereketi bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň arasynda, ozaly bilen, biziň ýurtlarymyzyň lukmançylyk bileleşikleriniň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak zerur diýip pikir edýärin.

Goşulyşmazlyk hereketine agza döwletleriň hökümetlerine şeýle bilelikdäki işiň ülňüleriniň hem-de görnüşleriniň üstünde bilelikde işlemegi tabşyrmagy teklip edýärin.

Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen has netijeli hyzmatdaşlygyň zerurdygyny bellemek isleýärin.

Hormatly ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylar!

Gaýragoýulmasyz bu çäreler we wezipeler bilen bir hatarda, biz häzirki döwürde geljek barada pikirlenmäge hem borçludyrys.

Pandemiýany nazara almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň geljekki mejlisiniň gün tertibine düýpli üýtgetmeleriň giriziljekdigi düşnüklidir. Bu mejlis aglaba derejede çökgünlikden soňky döwre niýetlenen bütindünýä bileleşiginiň öňünde ykdysadyýeti dikeltmek, durmuş ulgamyny talabalaýyk guramak, ynsanperwer meseleleri çözmek bilen bagly kyn wezipeleriň üstünde işlemeli bolar. Özi-de bu meseleler deň derejeli we özara baglanyşyklydyr.

Şoňa görä-de, dünýä ykdysadyýetini durnukly ösüş ýoluna çykarmak üçin, häzirden başlap, esaslary döretmek zerur bolup durýar. Biziň pikirimizçe, bu ugurda energetika, senagat, ulag we söwda pudaklary esasy ugurlar bolmalydyr.

Dünýä energetika bazarynyň häzirki ýaly hiç wagt şeýle kynçylyklara gabat gelmändigi düşnüklidir. Şeýle şertlerde adalatly we aýdyň ýörelgeler, deňhukuklylyk, döwletleriň bähbitlerini ykrar etmek we hasaba almak ýörelgelerinde dünýä bazarlarynda energiýa serişdelerini ibermegi dikeltmek hem-de ýola goýmak aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. Energiýa akymlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek şu maksada ýetmegiň örän möhüm tarapy bolup durýar.

Ulag ulgamy barada hem şuny aýtmak bolar. Biz ýurtlaryň we sebitleriň arasynda ulag gatnawlaryny, üstaşyr geçelgeleri çalt we doly möçberde dikeltmelidiris, täze ugurlary gözlemelidiris.

Bu iş täze üpjünçilik ulgamlarynyň, örän uly giňişliklerde logistikanyň döredilmegini talap edýär. Şonuň netijesinde, köp sanly durmuş meseleleriniň çözülmegine, işsizligi aradan aýyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär.

Bu ugurda biziň döwletlerimiz möhüm orny eýelemelidir, dünýäde geoykdysady ýagdaýlary netijeli ösdürmäge öz goşantlaryny goşmalydyr diýip pikir edýärin. Täze şertlerde ählumumy ykdysadyýetiň üstünlikli we netijeli ösdürilmegi köp derejede biziň hereketlerimiziň sazlaşykly hem-de utgaşykly bolmagyna baglydyr.

Biz pandemiýa sebäpli ýüze çykan giň gerimli ynsanperwer meseleleri çözmekde hem tagallalary birleşdirmelidiris. Migrantlara, bosgunlara, az üpjünçilikli ilata, aýratyn-da, ösüp barýan ýurtlara kömek bermek Goşulyşmazlyk hereketiniň gün tertibinde ileri tutulýan mesele bolmalydyr.

Ählumumy azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde Goşulyşmazlyk hereketiniň döwletleriniň raýdaşlyk işi örän möhümdir. Döwletleriň we sebitleriň azyk serişdelerine üpjünçilik meselelerine seredilende, islendik adamyň aýrylmaz hukugy hökmünde doly bahaly iýmite kepillendirmeleri üpjün etmekde Goşulyşmazlyk hereketiniň ýurtlarynyň garaýyşlarynyň bitewüligi, aýgytlylygy we berkligi zerurdyr.

Elbetde, parahatçylygy we howpsuzlygy pugta üpjün etmek öňde goýlan ähli maksatlara ýetmegiň, häzirki çökgünligi doly ýeňip geçmegiň esasy, aýgytly şerti bolup durýar. Uruşlar hem-de gapma-garşylyklaryň şertlerinde pandemiýa garşy üstünlikli göreşmek we onuň ýaramaz netijelerini aradan aýyrmak barada aýtmak mümkin däldir.

Şoňa görä-de, Goşulyşmazlyk hereketiniň döwletleri bolan biz ähli halkara jedelleri we gapma-garşylyklary parahatçylykly çözmegi berk maksat edinýändigimizi aýgytly aýtmalydyrys.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy geçen ýylyň sentýabrynda «2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi. Men Goşulyşmazlyk hereketiniň ýurtlaryny şu Rezolýusiýada görkezilen maksatlary gazanmaga işjeň ýardam bermäge, Ýer ýüzünde parahatçylyga hem-de netijeli ösüşe öz goşantlaryny goşmaga çagyrýaryn.

Goşulyşmazlyk hereketiniň mümkinçilikleriniň, şoňa esaslanýan ýokary ynsanperwer taglymatlarynyň tutuş adamzat üçin häzirki kynçylykly döwürde hemişekisinden has-da zerurdygyna ynanýaryn.

Biz bilelikde çökgünligi ýeňip geçjekdigimize, şondan mynasyp çykjakdygymyza hem-de döredijilikli işe girişjekdigimize ynanýaryn.

Hormatly ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylar!

Sözümiň ahyrynda Jarnamanyň teklip edilen taslamasyny goldaýandygymyzy bellemek isleýärin.

Ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglygyny we üstünlikleri, biziň ýurtlarymyzyň halklaryna bolsa parahatçylygy we abadançylygy arzuw edýärin!

2020-nji ýylyň 4-nji maýy

 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi