icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img

17 fewral 2023

2731

Tokio şäherinde “Dialog – parahatçylygyň kepili” – halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy mowzugy boýunça tegelek stoluň başyndaky maslahat geçirildi

2023-nji ýylyň 17-nji fewralynda Ýaponiýanyň Tokio Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň binasynda “Dialog – parahatçylygyň kepili” – halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasy” mowzugy boýunça tegelek stoluň başyndaky maslahat geçirildi.

Maslahata Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew, Tokio Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidenti Kaýoko Haýaşi, baş sekretary Keýsuke Otani we professor-mugallymlary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürlen “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly ählumumy filosofiýanyň dünýä halklarynyň parahatçylyk we birek-birege ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan oňyn garaýyşlaryny ösdürmekde halkara gatnaşyklarynyň täze ýörelgesi hökmünde ykrar edilendigi barada bellediler.

Hususan-da, çykyş edenler Türkmenistanyň Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasy netijesinde durnukly ösüşi we howpsuzlygy ösdürmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyna ýokary baha berýändiklerini aýratyn bellediler.

Şeýle hem, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýewiň Ýaponiýada bilim alýan türkmen talyplary bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip atlandyrylmagynyň Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň ýaşlara bildirýän uly ynamynyň nyşany bolup durýandygy bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi