20 fewral 2017
7408
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidenti 2017-nji ýylyň 18-nji fewralynda “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017—2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny tassyklamak” hakynda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine şu Konsepsiýany durmuşa geçirmegi üpjün etmek tabşyryldy. Ministrlikler, pudak edaralary we beýleki döwlet edaralary we guramalary Milli strategiýalar we maksatnamalar taýýarlananda, halkara hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça geljek üçin we gündelik meýilnamalar hem-de çözgütler düzülende Konsepsiýanyň düzgünlerini goldanmaga borçly edildi.
Başga habarlar
13
Jul
Türkmenistanyň Ilçisiniň Gazagystan Respublikasynyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşygy
08
Jul
Türkmenistanyň wekiliýeti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 33-nji ýyllyk mejlisine gatnaşdy
08
Jul
Duşenbede Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisi geçirildi
01
Jul
Türkmenistanyň wekiliýeti Parižde geçirilýän 9-njy Bütindünýä kongresine gatnaşýar
01
Jul
Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy
Ähli habarlary görmek