icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

29 sentýabr 2023

2994

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Türkiýede we Birleşen Arap Emirliklerinde geçen baýramçylyk çäreler

2023-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýerleşýän dünýäde iň beýik «Burj Halifa» diňiniň ýüzünde ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň şekili şöhlelendirildi. Örän täsirli şöhlelenme beýikligi 828 metre deň bolan binany türkmen gölleri we bäş ýyldyzly ýarymaý şekili bilen öwüşgin atýan al-ýaşyl sütüne öwürdi hem-de dost-doganlygyň özboluşly we aýdyň nyşanyny alamatlandyrdy.

Türkiýäniň Kapadokiýa şäheriniň çäginde ýerleşýän dünýä syýahatçylarynyň arasyndaky meşhur ýerde «Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy gutly-mübärek bolsun!», «Ýaşasyn, türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklary!» ýazgyly howa şarlary asmana uçuryldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi