icon
Türkmençe
Русский
English
Year 2024 - «Fount of Wisdom
Magtymguly Fragi
»

30 November 2019

2090

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň bilelikdäki beýannamasy (Daşkent şäheri, 2019-njy ýylyň 29-njy noýabry)

2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy geçirildi, duşuşyga Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Türkmenistanyň Prezidenti, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti we Gazagystan Respublikasynyň Ilkinji Prezidenti-Ilbaşy gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar:

Merkezi Aziýa döwletleriniň sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, onuň köp millionly ilatynyň abadançylygyny üpjün etmäge umumy gyzyklanmasyndan ugur alyp,

Konsultatiw duşuşyga gatnaşyjy döwletleriň köptaraply özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, sebit kooperasiýasyny çuňlaşdyrmaga we sebitiň ýurtlarynyň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga umumylykda çalyşýandygyna esaslanyp,

tutuş sebitiň möhüm we zerur meselelerini ylalaşmak, deňhukuklylyk, birek-biregiň bähbitlerini hormatlamak esasynda gepleşikler we geňeşmeler arkaly çözmekde Merkezi Aziýa döwletleriniň ilkinji derejedäki hem-de esasy ornuny belläp,

Merkezi Aziýa döwletleriniň möhüm halkara meselelerini çözmäge bilelikde işjeň gatnaşýandygyny, howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak, ykdysady, durmuş, ylmy-tehnologik, medeni we ynsanperwer ösüş babatda öňe sürýän hem-de durmuşa geçirýän başlangyçlarynyň giň halkara ykrar edilmegini gazanýandygyny belläp,

Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky köptaraply hyzmatdaşlygynyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbit esasynda işjeňleşdirmegiň we pugtalandyrmagyň doganlyk halklaryň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigi hem-de sebitde ykdysady we durmuş ösüşiniň, parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy saklamagyň esasy şerti bolup durýandygy barada garaýyşlaryň birdigini tassyklap,

döwletleriň arasynda syýasy taýdan ynanyşmagy we özara düşünişmegi mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-kommunikasiýa hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, serhet we sebitara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň we giňeltmegiň zerurdygyndan ugur alyp,

halkara terrorçylygyna, dini ekstremizme, neşeleriň bikanun dolanyşygyna, bikanun migrasiýa, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga we kiberhowplara garşy göreşde arkalaşykly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berip,

Merkezi Aziýa döwletleriniň 1998-nji ýylyň 2-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde bolan duşuşygynyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň 2018-nji ýylyň 15-nji martynda Nur-Sultan şäherinde bolan Konsultatiw duşuşygynyň taryhy ähmiýetini, şeýle hem gazanylan ylalaşyklary taraplaryň iş ýüzünde durmuşa geçirmeginiň möhümdigini belläp,

sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, zerur bolan gepleşik usuly hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň yzygiderli Konsultatiw duşuşyklarynyň guralmagy baradaky başlangyjyň amala aşyrylmagynyň sebitde köptaraply döwletara hyzmatdaşlygyny we kooperasiýasyny mundan beýläk-de berkitmäge ýardam berjekdigini tassyklap, şular barada beýan edýärler:

1.Halkara işleriniň depginli ösýän, täze howplaryň, şol bir wagtda-da Merkezi Aziýa döwletleriniň durnukly ösmegi üçin täze amatly mümkinçilikleriň döreýän şertlerinde olaryň arasynda ynanyşykly gepleşiklere, syýasy geňeşmelere we iş ýüzündäki hyzmatdaşlyga isleg köp esse artýar. Bu mümkinçilikleri biziň ýurtlarymyzyň bähbitlerine peýdalanyp, Merkezi Aziýanyň howpsuz we gülläp ösýän sebit hökmünde berkarar bolmagyna çalyşmaly.

2.Daşkent şäherindäki häzirki nobatdaky Konsultatiw duşuşyk Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygynyň alnyp barlyşyny hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi hem-de sebitiň ähli döwletleriniň özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň peýdasyna tarap ugry seçip alandygyny tassyklady.

Ýokary derejedäki Daşkent Konsultatiw duşuşygy milli ykdysadyýetleri depginli ösdürmek, biziň ýurtlarymyzyň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, sebitde köptaraply gatnaşyklary giňeltmek we çuňlaşdyrmak üçin has amatly şertleri döretmek maksadyny goldanyp, Merkezi Aziýada döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berýär.

Ýokary derejedäki Konsultatiw duşuşyk söwda, ykdysadyýet, maýa goýumlary, ulag we üstaşyr gatnawlar, oba hojalygy, senagat kooperasiýasy, daşky gurşawy goramak, energetika, suw serişdeleri, syýahatçylyk, ylym hem-de medeniýet babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly bolan ugurlaryna, görnüşlerine we usullaryna hemmetaraplaýyn seretmäge mümkinçilik berdi.

3. Merkezi Aziýada emele gelen sebitleýin ýakynlaşmak meýli taryhy taýdan şertlenen hakykatdyr. Syýasy, howpsuzlyk, sebitde durnuklylygy saklamak we durnukly ösüşi gazanmak babatda sebit hyzmatdaşlygynyň işjeňleşmegi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär, olaryň arasynda doganlyk gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam berýär, Merkezi Aziýanyň ägirt uly ykdysady we medeni ösüşdäki mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmäge hyzmat edýär.

Häzirki ýagdaý ýokary derejede, şeýle hem bäştaraplaýyn syýasy geňeşmeler görnüşinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň derejesinde yzygiderli duşuşyklary geçirmek arkaly sebitiň döwletleriniň arasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmegi we ösdürmegi talap edýändigini hem-de onuň zerurlykdygyny görkezýär.

4. Merkezi Aziýada syýasy gepleşikler we döwletara ýakynlaşmagyň oňyn ýagdaýlary açyk hem-de netijeli häsiýete eýedir we üçünji taraplaryň bähbitleriniň garşysyna gönükdirilen däldir. Ileri tutulýan anyk ugurlarda, ozaly bilen, sebitiň baý ykdysady we adam mümkinçiliklerini doly derejede amala aşyrmak meselelerinde sebit gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlygyny ösdürip, taraplar durnukly, açyk we depginli ösýän sebit, ygtybarly hem-de öňden belli halkara hyzmatdaşy hökmünde Merkezi Aziýanyň berkarar bolmagyna ýardam berýär.

Sebitiň döwletleri köptaraply utgaşdyrmagyň we kooperasiýanyň düzümini emele getirmäge umumydünýä meýillerini göz öňünde tutup, hyzmatdaşlary bolan beýleki ýurtlar, halkara we sebit guramalary bilen sebitde parahatçylygy, durnuklylygy berkitmek we ykdysady ösüşiň mümkinçiliklerini giňeltmek maksatlaryndan ugur alyp, açyk ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmaga mundan beýläk hem çalşarlar.

5. Merkezi Aziýada durnukly ösüşiň mümkinçilikleri goňşy
Owganystanda parahatçylygy gazanmak bilen baglydyr.

Biz Owganystandaky ýagdaýy düzgünleşdirmek boýunça halkara tagallalarynyň işjeňleşmegini makullaýarys we goldaýarys hem-de şunuň bilen baglylykda, bu ýurtda parahatçylygy we ylalaşygy goldamakda dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň dowamy hökmünde Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk babatda 2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen VII maslahatyň (RECCA VII) hem-de Owganystan boýunça 2018-nji ýylyň 26-27-nji martynda geçirilen «Parahatçylykly ýagdaý, howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk we sebit arkalaşygy» atly Daşkent maslahatynyň, şeýle hem 2018-nji ýylyň sentýabrynda Nur-Sultan şäherinde geçirilen «Owganystanda zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek» atly Birinji sebit maslahatynyň netijeleriniň durmuşa geçirilmeginiň möhüm ähmiýetini belleýäris.

Owganystanda durnukly we uzak möhletli parahatçylygy gazanmak maksady bilen, biz syýasy taýdan düzgünleşdirmegiň esasy ýörelgelerini saklamak, ozaly bilen, zorlukdan gaça durmak, ok atmagy bes etmek, gepleşiklere we ylalaşyga taýýarlygy bildirmek zerur diýip hasap edýäris.

Merkezi Aziýa döwletleri Owganystany parahatçylykly ýagdaýy üpjün etmäge ýardam berjek sebitleýin söwda-ykdysady we üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryna çekmek boýunça hemmetaraplaýyn tagallalaryny dowam etmegi maksat edýärler.

6. Merkezi Aziýanyň ähli döwletleri sebit hyzmatdaşlygyny çaltlandyrmaga hem-de halkara giňişliginde öz sebitiniň umumy bähbitlerini we talaplaryny öňe sürmäge möhüm goşant goşýarlar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden «2018 — 2028-nji ýyllarda Durnukly ösüş üçin suw» (2016-njy ýylyň dekabry), «Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, sebit we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak» (2018-nji ýylyň iýuny), «Merkezi Aziýada radiasiýa howpunyň öňüni almakda halkara bileleşiginiň orny» (2018-nji ýylyň noýabry), «Magaryf we dini sabyr-takatlylyk» (2018-nji ýylyň dekabry), «BMG bilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» (2018-nji ýylyň apreli we 2019-njy ýylyň maýy) atly we beýleki rezolýusiýalary ýaly, iri halkara-syýasy başlangyçlary işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gazanan üstünlikleri aýratyn üns berilmegine mynasypdyr.

Taraplar Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnamanyň çäklerinde sebitiň döwletleriniň netijeli işleri alyp barýandygyny bellediler.

Biz BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy dowam etmegi, Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen täze başlangyçlary hem-de taslamalary bilelikde işläp taýýarlamagy we öňe sürmegi maksat edinýäris. Bu oňyn meýil sebitimiziň halkara-syýasy ösüşiniň häzirki döwürdäki talaplaryna laýyk gelýär, dünýä bileleşiginde Merkezi Aziýanyň hyzmatyny we ornuny pugtalandyrmaga, biziň ýurtlarymyzyň dünýä giňişlikdäki agramyny hem-de täsirini güýçlendirmäge ýardam berýär.

7. Merkezi Aziýada özara goldaw bermek we özara bähbit ýörelgelerine esaslanan netijeli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny belläp, taraplar iri ykdysady taslamalary, aýratyn-da, sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini giňeltmäge we energetika kuwwatyny ösdürmäge, deňiz portlaryna hem-de dünýä bazarlaryna durnukly çykmagy üpjün etmäge, üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmäge, häzirki zaman halkara logistika, söwda we syýahatçylyk merkezlerini döretmäge, täze kärhanalary gurmaga, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmaga, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen taslamalary bilelikde durmuşa geçirmek meselelerinde sebit hyzmatdaşlygyny utgaşdyrmagy pugtalandyrmak we çuňlaşdyrmak ugrunda çykyş edýärler.

Merkezi Aziýa döwletleri sebiti senagat taýdan ösdürmek babatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň syýasatynyň ileri tutulýan maksatlaryna we wezipelerine laýyk gelýän häzirki zaman önümçilik üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça bilelikdäki çäreleri görmäge taýýardyr.

Şunuň bilen baglylykda, biz Merkezi Aziýanyň ulag geçelgeleriniň netijeli sebit ulgamyny döretmek we onuň ägirt uly üstaşyr gatnaw mümkinçiligini amala aşyrmak babatda işjeň dowam etdirmegi maksat edinýändigimizi tassyklaýarys. Deňiz portlaryna we täze daşarky bazarlara örän gysga çykalgany üpjün edýän özara bagly sebit ulag ulgamynyň döredilmegi Günorta Aziýany, Hytaýy we Ýewropany birleşdirýän ählumumy ulag geçelgesi hökmünde Merkezi Aziýa sebitiniň ornuny dikeltmek işini güýçlendirer.

Sebitde ulag ulgamyny ösdürmek boýunça başlangyçlary we taslamalary iş ýüzünde amala aşyrmagy çaltlandyrmaga sebitiň ýurtlary gyzyklanma bildirýärler, munuň özi halkara söwdasynyň depginli ösmegine we möçberlerine, üstaşyr ýük akymlarynyň artmagyna, çig maly, enjamlary hem-de taýýar önümleri daşamagyň bahasyna oňyn täsir eder.

Biz sebitiň ýurtlarynyň arasynda haryt dolanyşygyny artdyrmaga gönükdirilen iş ýüzündäki hereketleri amala aşyrmagy, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýükleri öz çäkleri boýunça daşamagynyň tertibini düzgünleşdirýän şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmegi maksat edinýäris.

8. Merkezi Aziýa döwletleri daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we sebitiň ilaty üçin onuň ýaramaz netijelerini azaltmak babatda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýärler.

Şu maksat bilen, biz Aral deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi we berkitmegi maksat edinýäris. Sebitde ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine uly üns bermek bilen, Merkezi Aziýa döwletleri buzluklaryň eremek, Aral deňziniň sebitiniň we uran ammarlarynyň meselelerini çözmekde öz tagallalaryny netijeli utgaşdyrmak üçin hereket ederler. Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň mümkinçiliklerini hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda döredilen Aralýaka sebiti üçin adam howpsuzlygy boýunça Köptaraply hyzmatdaşlygyň trast gaznasynyň serişdelerini sebite täze bilimleri, innowasion tehnologiýalary çekmek, «ýaşyl» ykdysadyýetiň ýörelgelerini toplumlaýyn ornaşdyrmak, mundan beýläk-de çölleşmegiň, ekologiýa migrasiýasynyň öňüni almak we beýleki çäreler boýunça iş ýüzündäki wezipeleri çözmek üçin peýdalanmagy maksadalaýyk hasaplaýarys.

Merkezi Aziýada suw-energetika serişdelerini aýawly hem-de adalatly peýdalanmagyň möhümdigini belläp, biziň ýurtlarymyz, ähli taraplaryň bähbitlerini hasaba almak bilen, bu ugurda uzak möhletli we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň usullaryny kämilleşdirmek boýunça işi dowam ederler.

9. Sebitiň döwletleri sebitiň has durnukly bolmagy we gülläp ösmegi hem-de häzirki döwrüň howplaryna we wehimlerine jogap hökmünde öz ýurtlarynyň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin umumy tagallalary arkaly sebitde ösüşiň hem-de howpsuzlygyň ähli galan meselelerini düzgünleşdirmek boýunça mundan beýläk-de zerur bolan bilelikdäki çäreleri görmegi maksat edinýärler.

Şu maksat bilen, anyk ugurlar, ýagny söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk, durmuş ösüşi, howpsuzlyk hem-de wehimlere we howplara garşy göreşmek we ş.m, boýunça özara hereket etmegiň sebit derejesinde ylalaşylan netijeli görnüşlerini döretmäge ýardam bermek zerurdyr.

10. Biz ylym we bilim, magaryf, medeniýet, sungat hem-de sport, ýaşlary goldamak we syýahatçylygy ösdürmek babatda ysnyşykly hyzmatdaşlygy hem-de sebit arkalaşygyny, alyşmalary hem-de gatnaşyklary ösdürmegi höweslendirmek we goldamak boýunça tagallalara ygrarlydyrys.

Taraplar ýaşlaryň meselelerine hemişe aýratyn üns bermegiň hem-de ýaş adamlary öz mümkinçiliklerini amala aşyrmakda goldamaga, şeýle hem sebitiň döwletleriniň ýaşlar guramalarynyň arasynda medeniýet, ylym, tehnologiýalar, telekeçilik we beýleki ugurlar babatda gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri we maksatnamalary kabul etmegiň zerurdygy hakynda ylalaşdylar.

Sebitiň döwletleri Merkezi Aziýanyň umumysebit medeni we ylmy gazananlaryny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklaryny birleşdirýän gymmatlyklary hem-de däp-dessurlary gorap saklamak, pugtalandyrmak we ösdürmek maksady bilen, görkezilen ugurlarda özara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy dowam ederler. Biz Merkezi Aziýanyň baý taryhy, medeniýeti, medeni ösüşi, syýahatçylyk taýdan özüne çekijiligi baradaky bilimleri öz ýurtlarymyzda we bütin dünýäde ýaýratmagy hemmetaraplaýyn höweslendirmäge gyzyklanýarys.

11. Daşkent Konsultatiw duşuşygy, däp bolşy ýaly, dostluk, mähirlilik we ynanyşmak ýagdaýynda geçdi.

Biz sebitiň bäş döwletiniň baştutanlary görnüşde ýokary derejedäki her ýyllyk geňeşmeleri dowam etmegi özümiziň maksat edinýändigimizi tassyklaýarys hem-de şunuň bilen baglylykda, sebitimizde hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ynanyşyp, netijeli we açyk ara alyp maslahatlaşmak hem-de umumy meseleleri çözmek üçin, sebitleýin gepleşik usuly hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň yzygiderli Konsultatiw duşuşyklaryny döretmek barada ylalaşdyk.

Şunuň bilen baglylykda, biz daşary işler ministrleriniň yzygiderli maslahatlaryny we bilermenler derejesindäki mejlisleri geçirmegi hem öz içine alýan, Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşyklaryny guramak boýunça işleriň Reglamentini kabul etdik.

12. Taraplar Gyrgyz Respublikasynyň 2020-nji ýylda döwlet baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygynyň başlyklyk edýän tarapy hökmünde çykyş etmek hem-de onuň kabul edilen Reglamente laýyklykda geçirmek teklibini tüýs ýürekden goldaýarlar.

Taraplar myhmansöýerligi we Konsultatiw duşuşygyň ýokary derejede geçirilendigi üçin, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Miromonowiç Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdiler.

Phone: +993 (12) 44-56-92
Fax: +993 (12) 44-58-12
Reception: +993 (12) 44-56-87
Press service: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Ashgabat, Archabil av., 108
Ashgabat, Turkmenistan
© 2024 Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan