icon
Türkmençe
Русский
English
Year 2024 - «Fount of Wisdom
Magtymguly Fragi
»

12 February 2022

2656

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy

(11.02.2022)

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ata Watanymyzyň özygtyýarly, özbaşdak ösüş ýoluna düşmegi biziň halkymyz üçin ykbal kesgitleýji taryhy waka we dünýä bileleşigine täsir eden ýagdaýdyr. Şoňa görä-de, türkmen halkynyň öz Garaşsyz döwletini döretmek baradaky köpasyrlyk arzuw-isleginiň otuz ýyl mundan ozal amala aşandygyny, ýurdumyzyň taryhynda täze zamananyň başlanandygyny doly esas bilen aýdyp bileris.

Garaşsyzlyk alnandan soňky çylşyrymly döwre garamazdan, bize demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşyny döretmek hem-de kämilleşdirmek başartdy.

Döwlet häkimiýetiniň netijeli gurluşy döredildi. Ýyllarboýy toplanan tejribe arkaly döwlet edaralaryny kämilleşdirmek, milli ykdysadyýetimizi yzygiderli döwrebaplaşdyrmak amala aşyryldy. Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä bileleşigindäki orny berkidildi. Özbaşdak ösüşiň ýolunda her gün, her aý we her ýyl aýdyň, şöhratly, taryhy ähmiýetli, syýasy, ykdysady hem-de medeni wakalara baý boldy.

Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz giň gerimli durmuş, syýasy we ykdysady özgertmeleri amala aşyrdyk. Biziň syýasy taýdan durnukly we agzybir jemgyýetimizde mähriban halkymyz öňde goýlan wezipeleri ynam bilen amala aşyrdy. Şonuň netijesinde, durnukly syýasy-ykdysady we durmuş ösüşini gazanmagy başardyk.

Biz Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kabul edip, döwlet gurluşyny kesgitledik. Esasy Kanunymyzda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna we düzgünlerine laýyklykda dünýä hem-de milli demokratik tejribesi öz beýanyny tapdy.

Türkmen halkynyň özboluşly taryhynyň, ruhy-medeni mirasynyň beýanyna öwrülen döwlet nyşanlary, ýagny Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy hem-de Döwlet senasy döredildi.

«Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynda: «Türkmenistanyň garaşsyzlygy belent maksatlaryň hatyrasyna — türkmen halkynyň öz hakyky milli döwletini edinmeginiň hatyrasyna, milletine, jynsyna, sosial gelip çykyşyna we uýýan dinine garamazdan, her bir adam üçin Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasynda we halkara hukugyň beýleki kadalarynda göz öňünde tutulan hukuklary we azatlyklary üpjün etmegiň, kanun agalyk edýän ynsanperwer, demokratik jemgyýet gurmagyň hatyrasyna jar edilýär» diýlip kesgitlendi.

Bu waka ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap yzygiderli barýandygyny aýdyň görkezdi. Onuň halkara abraýynyň gyşarnyksyz ösýändigini, biziň alyp barýan daşary we içeri syýasatymyzy dünýä bileleşiginiň doly goldaýandygyny subut etdi.

Hormatly Halk Maslahatyna gatnaşyjylar!

Men häzir Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň bitiren ähli ägirt uly işlerimizi jikme-jik agzap durjak däl. Biz berkarar döwletimiziň döredilmeginiň 30 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp, ýakynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde bu soraglaryň ählisine siziň bilen seretdik.

Şu ýyllaryň içinde gülläp ösýän döwletimizde mynasyp durmuş şertlerini döretmäge tarap uly ýol geçildi. Garaşsyz Watanymyz öňki çig mal binýady bolan ýurtdan dürli önümleri öndürýän, senagat taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi. Geçen 30 ýyl türkmen halkynyň ägirt uly, egsilmejek mümkinçiliklerini aýdyň beýan edip, giňden açyp görkezdi. Ýurdumyzy yzygiderli toplumlaýyn ösdürmek üçin berk maddy we ruhy binýat döredildi. Jemgyýetimiziň syýasy taýdan durnukly bolmagy we agzybirligi netijesinde, merdana halkymyz öz öňünde goýan belent maksatlaryny üstünlikli amala aşyrdy.

Hormatly Halk Maslahatyna gatnaşyjylar!

Men häzirki döwürde ählimiziň Garaşsyz döwletimiziň ykbaly we nesillerimiziň geljegi üçin ägirt uly jogapkärçilik çekýändigimizi aýratyn bellemek isleýärin.

Şoňa görä-de, gazanylan bu üstünliklere garamazdan, mukaddes Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna mundan beýläk-de beýik işleri amala aşyrmak üçin biziň öňümizde örän düýpli wezipeler durýar.

Şunuň bilen baglylykda, biz geljek 30 ýylda berkarar döwletimizi we onuň institutlaryny ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemelidiris. Meniň tabşyrygym boýunça Türkmenistany ösdürmegiň esasy ugurlary taýýarlandy. Şu gün biz bu taryhy maksatnamany kabul ederis. Häzir men bu maksatnamada göz öňünde tutulan şol beýik işleri aýdyňlaşdyryp durman, olary diňe umumylykda beýan etjek.

Biz agzybirlikde we bitewülikde ýurdumyzy ösdürmek boýunça saýlap alan ýolumyzy ynam bilen dowam ederis. Wagtyň synagyndan geçen bu ýol mukaddes Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün eder.

Şeýle hem biz kabul edilen we bellenen maksatnamalary amala aşyrmagyň hasabyna gazanan üstünliklerimizi yzygiderli berkideris.

Biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklar boýunça işläp düzen täze filosofiýamyzy işjeň durmuşa geçirer. Bu filosofiýa anyk kesgitlenen syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn geljegimize, umumy ykrar edilen we hemmelere düşnükli ynsan gymmatlyklaryna esaslanýar. Siziň bilşiňiz ýaly, men ony: «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip atlandyrdym.

Bütin adamzadyň abadançylygynyň bähbidine Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde biz Müňýyllygyň maksatlaryny durmuşa geçirmegi dowam ederis. Şu meselede adamlaryň parahat we erkin durmuşyny üpjün etmek hemişe ilkinji orunda durar.

Biziň strategik meýilnamamyz geljekde öňde duran wezipeleri gündelik çözmegi talap edýär. Sebäbi, dogry bellenen maksatlaryň üstünlige getirýändigini durmuş görkezýär. Şoňa görä-de, biz mundan beýläk-de döwletliligimizi işjeň ösdüreris we pugtalandyrarys. Biz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ygtyýarlyklaryny hem mundan beýläk-de kämilleşdirmelidiris. Bu bolsa raýatlaryň döwlet we jemgyýetçilik institutlaryna bolan ýokary ynamyny has-da berkitmäge mümkinçilik berer. Munuň üçin dolandyryş serişdelerini hemişelik esasda kämilleşdirip durmaly.

Şeýle hem ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy şerti hökmünde adam maýasynyň ornunyň geljekde ýokarlanmagy üçin mümkin bolan ähli işleri etmeli. Şoňa görä-de, adam maýasynyň hilini kesgitleýän pudaklaryň netijeli işlemegi möhüm mesele bolmalydyr.

Biz ösüşiň täze nusgasyny döredýäris. Bu bolsa türkmenistanlylaryň durmuşynyň ýokary ölçeglerini üpjün eder.

Hormatly Halk Maslahatyna gatnaşyjylar!

Döwletimiziň ýokary hilli ýaşaýyş jaýlarynyň halkymyza elýeterli bolmagy üçin ähli tagallalary etjekdigini men aýratyn bellemek isleýärin. Mundan başga-da, sanly ulgamyň mümkinçilikleri durmuşa has giňden ornaşdyrylar. Döwrüň talabyna görä, biz halkymyz üçin «akylly» jaýlary we şäherleri gurmagy dowam ederis. Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde we “Aşgabat-sitide” gurlan ilkinji şeýle jaýlary biz, öňi bilen, öz raýatlarymyza bereris.

Şeýlelikde, geljekde her bir maşgalanyň aýratyn öýi ýa-da jaýy bolar.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Biziň daşary syýasatymyz, Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky Konstitusion Kanuna we Türkmenistanyň daşary syýasatynyň Konsepsiýasyna, şeýle hem beýleki kanunçylyk namalaryna esaslanýar. Bu syýasat bolsa bütin adamzat dünýäsini gatnaşyklary kämilleşdirmäge çagyrýan nusgalyk syýasatdyr. Bitaraplyk biziň syýasy doktrinamyzdyr. Biz deňhukuklylyk we özara hormatlamak esasynda ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen oňyn halkara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdüreris.

Biziň ýurdumyz dünýä syýasatynda halkara abraýyndan jedelsiz peýdalanýan, jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edildi. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ählumumy meseleleri çözülende Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähmiýetli ornuny mundan beýläk-de ýokarlandyrmalydyrys. Bu bolsa berkarar Watanymyzyň halkara abraýyny has-da artdyrar.

Hormatly Halk Maslahatyna gatnaşyjylar!

Geljekde ýurdumyzda innowasion häsiýete esaslanýan milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa arkaly ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdiriler. Biz öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrarys, täze ykdysady gatnaşyklary emele getireris. Bu bolsa ykdysady strategiýanyň täze kadalaryna geçmegi, döwletimiziň makroykdysady syýasatyny döwrebap ýagdaýa getirmegi üpjün eder.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň ösüşiniň ýaşaýyş-durmuş soragyna gönükdirilen innowasion nusgasy kämilleşdiriler. Innowasion, tehnologik ösüş esasynda ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa arkaly ösdürmek ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň hasabyna ählumumy bäsleşige ukyplylygyň döredilmegini üpjün eder. Şu maksat bilen, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary ýokary hünärli işgärler bilen üpjün edilmelidir. Mundan başga-da, ykdysadyýetiň täze pudaklary dörediler we ösdüriler.

Geljekde ýokary we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara esaslanýan gaýtadan işleýän önümçilik pudaklaryny ösdürmäge-de hemmetaraplaýyn ýardam berler. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetinde barha artýan ornuny üpjün etjek eksport mümkinçiliginiň möçberini has-da artdyrmaga şert döreder.

Geljegiň meýilnamalary barada aýtmak bilen men, siziň ünsüňizi býujet syýasatymyzy kämilleşdirmegi dowam etmäge çekesim gelýär. Munuň özi döwletiň serişdelerini geljegi uly bolan umumymilli taslamalarda jemlemäge mümkinçilik berer.

Bu ugurda salgyt syýasatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek hem dowam etdiriler. Biz salgyt hasabatyny ýönekeýleşdirmelidiris we azaltmalydyrys. Salgyt syýasatynyň höweslendirilmegi öndürilýän önümleriň we daşarky bazarlara eksportynyň ösüşini üpjün eder.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Garaşsyz döwletimiz milli ykdysadyýetimiziň hereketlendiriji güýçlerinden biri bolan telekeçiligi geljekde hem hemmetaraplaýyn goldar.

Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, innowasion ýagdaý üçin ähli amatly şertler dörediler. Şeýlelikde, biz köp girdeji alarys we maýa goýumlary öz wagtynda gaýtaryp bileris.

Geljekde bazar gatnaşyklarynyň täze ugurlary kesgitlenip, ykdysady ösüşiň mümkinçilikleri dörediler. Biz innowasiýalara esaslanýan işewürligiň täze görnüşleri bolan iri kompaniýalaryň döredilmegini hem goldamalydyrys.

Hormatly Halk Maslahatyna gatnaşyjylar!

Türkmenistan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermekde özüniň öňdeligini berkitmegi dowam eder.

Şu maksat bilen, nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek dowam etdiriler. Bu bolsa nebiti we gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen häzirki zaman toplumlarynyň gurluşygyny göz öňünde tutýar. Täze känleri, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ýataklary we «Galkynyş» känini senagat taýdan özleşdirmegi çaltlandyrmagy aňladýar. Bu barada men ýylyň başynda ýurdumyzyň welaýatlaryna amala aşyran iş saparlarymyň dowamynda hem aýtdym.

Saparlaryň netijeleri boýunça men ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, bu topluma goşmaça serişdeleri bermek barada karara geldim. Eýsem, bu nämäni aňladýar?! Munuň özi berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysady we maliýe tarapdan nähili ösendigini görkezýär. Pudaklaryny ösdürmek üçin öz maýa goýumlaryny goýmaga ukyply bolan kuwwatly döwlete öwrülendigini subut edýär.

Sanly tehnologiýalaryň gerimini, hususan-da, 3D usullaryny ulanmagyň hasabyna giňeltmek möhümdir. Nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin şu wezipeler göz öňünde tutulýar, ýagny:

Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwatyny tapgyrlaýyn artdyrmak;

«Bagtyýarlyk» käniniň çäklerinde täze ýataklary işe girizmek;

amala aşyrylýan taslamalaryň daşky gurşawa täsirine baha bermek boýunça işleri durmuşa geçirmek;

uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa pudaklaryna we elektrik energetikasyna degişli ýöriteleşdirilen iri senagat desgalaryny gurmak;

harytlyk gaz öndürýän zawodlary gurmak;

gaz basyş enjamlaryny gurmak;

nebitiň we gazyň hem-de beýleki tebigy serişdeleriň täze gatlaklaryny ýüze çykarmak üçin geologiýa-gözleg işlerini giňeltmek;

ýurdumyzyň belli känleriniň çäklerinde gözleg guýularyny geofiziki taýdan barlamak we burawlamak;

özleşdirilýän nebitgaz ýataklarynda nebitiň we gazyň çykarylyşyny amatly ýagdaýa getirmek üçin täze 3D meýdan seýsmiki toplumlaryny hem-de geljekde 4D gözegçilik tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga mümkinçilik berjek programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak;

nebitgaz känleriniň ulanyş guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýän täze tehnologiýalary ornaşdyrmak;

buraw işlerini çaltlandyrmak;

ýokary netijeli, iň täze we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalar hem-de nou-haular esasynda işleýän, ylmy köp talap edýän önümçilikleri döretmek boýunça işleri dowam etmek;

ýurdumyzyň her bir welaýatynda täze gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda polietilen, polipropilen, kauçuk we polistirol, poliwinil asetat, metanol öndürýän toplumlary gurmak;

dokma pudagy üçin sintetiki süýümleri öndürmek meýilleşdirilýär.

Ýokarda agzalan wezipeleri amala aşyrmagyň hasabyna gaz pudagynda çig maly çykarmakdan we gaýtadan işlemekden ýokary goşulan bahasy bolan önümleri öndürmäge we ýerlemäge çenli doly önümçilik halkasy dörediler.

Şeýle hem biz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny ösdürmegiň konseptual strategiýasyny taýýarlamalydyrys. Dünýä bazarlarynda ýokary islegden peýdalanýan nebit önümleriniň görnüşlerini giňeltmelidiris.

Uglewodorod däl ugurlar, mysal üçin, wodorod ýangyjy we bioýangyç ýaly ugurlar hem ösdürilmelidir.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Ekologiýa diplomatiýasyny mundan beýläk-de wagyz etmek biziň üçin örän möhüm soraglaryň biri bolup durýar. Biz bu ugurda halkara guramalar bilen işjeň we netijeli hyzmatdaşlygy alyp bararys. Şu ugurda Gaaga konwensiýasyna laýyklykda alnyp barylýan işler hem biziň üçin möhümligine galar.

Biz geljekde suwy aýawly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak we sagdynlaşdyrmak, howanyň üýtgemegine we ählumumy maýyllaşma uýgunlaşmak soraglary boýunça döwletara gatnaşyklary hem ösdüreris. Çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, çäkleri bagy-bossanlyga öwürmek boýunça-da zerur işleri geçireris.

Aral deňzi bilen bagly soraglary çözmek hem öz möhümligini ýitirmeýär.

Mundan başga-da, energiýanyň alternatiw we dikeldilýän görnüşlerini öndürmek mundan beýläk-de ösdüriler. Gün we ýel energiýasyny öndürýän tehnologiýalar önümçilige işjeň ornaşdyrylar. Şoňa görä-de, alternatiw we «ýaşyl» energetika tehnologiýalaryna goýulýan maýa goýumlarynyň möçberi artdyrylar.

Biz ekologiýanyň täze ölçeglerine laýyklykda, energiýa serişdelerini gaýtadan işlemek we iň täze tehnologiýalary alyşmak babatdaky hyzmatdaşlygy-da ösdürmegi dowam ederis.

Şeýle hem maýadarlary ýurdumyza önüm çykarýan we gaýtadan işleýän iň täze tehnologiýalary ibermek şertlerinde çekeris. Ähli önüm öndürýän kärhanalar diňe ekologiýa taýdan zyýansyz önümçilikleri ornaşdyrmagy dowam eder.

Hormatly Halk Maslahatyna gatnaşyjylar!

Geljek üçin öňde durýan wezipeler barada durup geçmek bilen, men Türkmenistanyň energetika, ulag, agrar pudagy, tebigy serişdeleri gaýtadan işlemek ýaly adaty ugurlarda ählumumy bäsleşikde artykmaçlygyny berkitmegi we giňeltmegi dowam etjekdigimizi aýtmak isleýärin.

Biz oba hojalygyny düýpli özgertmegi hem dowam ederis. Netijede, Türkmenistan azyk önümlerini beýleki döwletlerden getirýän däl-de, tersine, bu önümleri beýleki döwletlere iberýän ýurda öwrüler.

Biz täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna ekinleriň hasylyny has ýokarlandyrarys. Maldarçylyk pudagynda hem täze ylmy, tehnologik we dolandyryş babatda gazanylan üstünlikleri ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem suw üpjünçilik soraglaryny çözmegiň öňdebaryjy ylmy tejribesi-de düýpli öwreniler. Şoňa görä-de, ýerasty suwlary çykarmagyň we netijeli peýdalanmagyň häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak dowam etdiriler. Çyg saklaýan tehnologiýalara toplumlaýyn geçmek işi hem alnyp barlar. Dänäni we beýleki oba hojalyk önümlerini eksport etmekde ýurdumyzyň uly agrar mümkinçiligi durmuşa geçiriler.

Oba hojalygyny özgertmäge innowasion usullar we telekeçileriň mümkinçilikleri mundan beýläk-de çekiler.

Oba ilatynyň ýaşaýşynyň durmuş-ykdysady derejesini ýokarlandyrmak üçin zerur bolan çäreler görler.

Ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny mundan beýläk-de berkitmek, öndürilýän önümleriň hilini gowulandyrmak we görnüşlerini artdyrmak üçin köp işler amala aşyrylar. Önümçiligiň ähli görnüşleri we önümleri hemişe ekologiýa talaplaryna laýyk geler.

Hormatly Halk Maslahatyna gatnaşyjylar!

Men geljege nazar aýlamak bilen, älem giňişligini barlamak babatda başlan işlerimizi dowam etjekdigimizi aýtmak isleýärin. Şeýle hem dünýäniň sanly ulgam giňişligine işjeň gatnaşmagymyzy dowam ederis. Halkara bazarlarda önümlerimiziň bäsdeşlige ukybyny ýokarlandyrarys, innowasion barlaglary ornaşdyryp, täze tehnologiýalary dörederis.

Men 2021-nji ýylda dünýäniň ähli ilatynyň 63 göteriminiň internetden peýdalanandygy baradaky maglumaty okadym. Şolaryň arasynda ýurdumyzyň ilatyna hem aýratyn orun degişlidir. Geljekde Halkara elektrik aragatnaşygy birleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňeldip, biz internetden peýdalanýanlar üçin has köp mümkinçilikleri dörederis.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Geljekde biz bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda özgertmeleri gyşarnyksyz dowam ederis. Munuň özi innowasiýalaryň ornuny düýpli artdyrýan tehnologik özgertmeleriň täze akymyna öwrüler.

Bellenen maksatlary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin, bize şu wezipeleri ýerine ýetirmek zerurdyr:

— ýokary tehnologiýaly pudaklar toplumyny döretmek we ylmy köp talap edýän önümleriň dünýä bazarlarynda tutýan ornuny giňeltmek;

— öňdebaryjy ylmy-barlag işleri, ýokary tehnologiýalar we bilim hyzmatlary esasynda, Türkmenistanyň dünýädäki öňdebaryjy innowasion ornuny gazanmak;

— senagat ykdysadyýetine häsiýetli bolan köpçülikleýin bilim ulgamyndan hemmeler üçin innowasion durmuş ykdysadyýetine niýetlenen ykdysadyýeti döretmek üçin zerur bolan üznüksiz hususylaşdyrylan bilim ulgamyna geçmek;

— düýpli düzüm we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak esasynda, ýokary hilli bilim we saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün etmek.

Saglygy goraýyş ulgamynda biz geçen ýyllarda gazanan üstünliklerimizi göz öňünde tutmalydyrys. Hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikdäki tagallalarymyz arkaly, koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýörite maksatnamasyny hem-de ýiti öýken sowuklamasyna garşy göreşmek boýunça bu guramanyň köptaraply usullaryny işläp düzmelidiris. Geljekde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýiti ýokanç keselleri bejermek we olaryň öňüni almak boýunça usulyýet merkeziniň hem-de Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa boýunça Merkezi Aziýa sebit merkeziniň işini ýola goýmak hem möhümdir.

Biz ýurdumyzda ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny elýeterli etmek üçin geljekde hem ähli zerur şertleri dörederis. Ulag lukmançylygy hem çalt depginler bilen ösdüriler.

Hormatly Halk Maslahatyna gatnaşyjylar!

Geljekde milli medeniýetimize möhüm orun bermegi dowam ederis, sebäbi medeniýetimizde merdana halkymyzyň ruhy kökleri jemlenendir. Däp-dessurlarymyzyň we medeniýetimiziň ähli babatda köpdürlüligi we beýikligi milletimiziň genetiki gaznasydyr. Şoňa görä-de, geljekde biziň esasy wezipämiz milli medeniýetimiziň bahasyna ýetip bolmajak mirasyny toplamak, abat saklamak, öwrenmek we wagyz etmek bolmagynda galýar.

Ýeri gelende men dutar ýasamak senetçiligimiziň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatymyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli sizi we siziň üstüňiz bilen mähriban halkymy ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Şunuň bilen baglylykda, biz milletimiziň taryhy aň-düşünjesini kämilleşdirmek boýunça işlerimizi mundan beýläk-de dowam ederis.

Şeýlelikde, ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, medeni gymmatlyklary giňden ýaýmak hem-de şu ugurlarda işjeň hyzmatdaşlyk etmek biziň ylym, bilim, lukmançylyk we medeni diplomatiýamyzyň geljekde hem esasy ugurlary bolar.

Hormatly Halk Maslahatyna gatnaşyjylar!

Meniň ýokarda aýdanlarymyň ählisi ata Watanymyzy ösdürmegiň geljegi baradaky garaýyşlarymdyr. Bu meniň täze syýasy ugrumdyr. Şoňa görä-de, biz geljekde hem maksada okgunly we ruhubelent zähmet çekeris.

Bu ugurda men esasy umydy ýaşlarymyza baglaýaryn. Sebäbi ýaş nesiller biziň ähli umyt-arzuwlarymyzy geljekde amala aşyrmaly. Biziň häzirki döwürde amala aşyrýan işlerimiz ýaşlarymyz üçin edilýär. Olaryň köpüsi Garaşsyz Watanymyz bilen ýaşytdaş. Ýakyn wagtda olar eziz Diýarymyzyň kämil raýatlary bolarlar, biziň bellän wezipelerimizi işjeň durmuşa geçirmäge gatnaşarlar. Şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň geljekki ösüş ýoluny olar kesgitlemelidir.

Ýaşuly nesiller dogry ýol bilen gitmekde we Watany söýmekde ýaş nesillere ýardam bermelidir. Biziň ýaşlarymyz ýaşuly nesillerden görelde almalydyr.

Biziň şöhratly ata-babalarymyzyň ýaş nesilleri terbiýelemäge uly üns berendigini aýratyn bellemek isleýärin. Olaryň köp asyrlary geçip, biziň günlerimize gelip ýeten parasatly sözleriniň örän çuň manysy bar. Ýaş nesilleri terbiýelemekde «Ulularyň göreldesi — nesilleriň ýörelgesi», «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter», «Atalaryň ýoly — altyn ýol, ony söýen Watany söýer», «Nesilleriň gaýraty — iliň-günüň myrady» ýaly nakyllaryň ähmiýeti örän uludyr. Meniň häzirki agzan nakyllarymyň manysy geljek nesiller üçin durmuş ýörelgesine öwrülmelidir. Bu nesiller biziň gazanan üstünliklerimizi we ýeten sepgitlerimizi has-da artdyrmalydyr. Olar has ähmiýetli belentliklere ýetmelidir, Garaşsyz Watanymyzyň at-abraýyny mundan beýläk-de has hem belende götermelidir.

Döwrüň geljekde dünýä ýaşlarynyň öňünde goýjak wezipeleri, gürrüňsiz, türkmen ýaşlarynyňkydan hem aýry bolmaz. Bu bolsa sanly ulgamy ornaşdyrmak we onuň mümkinçilikleri, tehnologiýalary ele almagyň endikleridir başarnyklary ýaly soraglara degişlidir. Men türkmen ýaşlarynyň bu wezipeleri çözmekde uly işleri bitirjekdigine ynanýaryn. Biziň geljegimiz hem ýaşlar bilendir. Ýaş nesilleriň paýyna geljekde düşýän möhüm jogapkärçiligi biz Garaşsyz Watanymyzyň Döwlet senasynda täsirli beýan etdik. Muny Döwlet senasyndaky şeýle setirler tassyklaýar:

«Harasatlar almaz, syndyrmaz siller,

Nesiller döş gerip, gorar şanymyz».

Bu setirler Türkmen döwletiniň geljeginiň ýaşlarymyza, biziň nesillerimize we olaryň mukaddes Watanymyzyň ykbaly üçin jogapkärçiligine baglydygyna ýene-de bir gezek şaýatlyk edýär.

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Alyp barýan oňyn syýasatymyz netijesinde, biz zehinli ýaşlaryň neslini kemala getirdik. Bu bolsa bize adam mümkinçiliklerimizi gorap saklamaga we berkarar Watanymyzyň gülläp ösmek ýoly bilen öňe gitmegini dowam etmäge örän uly mümkinçilik berýär.

Şoňa görä-de, biziň ýaşlarymyz okap, täze bilimleri ele almalydyr, has täze endikleri öwrenmelidir. Bilimleri we tehnologiýalary durmuşda başarjaň we netijeli ulanmagy başarmalydyr. Biz bolsa munuň üçin ähli mümkinçilikleri döretmegi, iň amatly şertleri üpjün etmegi dowam ederis. Şäher hem-de oba ýaşlaryny iş bilen doly üpjün ederis.

Biziň ýaşlarymyz giň gerimli halkara ylmy-barlag taslamalaryna işjeň gatnaşmalydyr. Munuň özi ýaş alymlarymyzyň tagallalarynyň strategik innowasion ugurlar boýunça daşary ýurt ylmy-barlag birleşikleri bilen goşulyşmagyna mümkinçilik berer. Biziň täze syýasy we ykdysady ugrumyz ýaşlara oňat bilim bermäge, diýmek, has mynasyp geljegi üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ýaşlar biziň geljege bolan ähli umyt-arzuwlarymyzyň amala aşmagydyr. Ata Watanymyzyň buýsanjy hem-de üstünlikleridir. Türkmenistanlylaryň täze nesli täze ösüş ugrunyň hereketlendiriji güýjüne öwrülmelidir.

Olar öz nesliniň jogapkärli we gujur-gaýratly, örän sowatly hem-de sagdyn wekilleri bolarlar. Biziň ýaşlarymyz öz ata-babalarynyň däplerini dowam edip, häzirki bazar ykdysady şertlerinde işlemäge taýýar bolarlar. Bütin dünýäde uly abraýy bolan parahat we gülläp ösýän ýurdunyň hakyky watançylaryna öwrülerler.

Hormatly Halk Maslahatyna gatnaşyjylar!

Biziň alyp barýan ähli işlerimiz we tagallalarymyz geljekde hem türkmenistanlylaryň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdiriler. Garaşsyz döwletimiziň her bir raýaty öz topragynyň eýesidigini duýmalydyr.

Biz ýurdumyzyň raýatlary üçin ýokary derejeli ýaşaýşy döretmek we ähli amatly şertleri üpjün etmek boýunça işimizi dowam ederis. Munuň özi geljek ýyllaryň örän beýik üstünlikleriniň hatarynda orun alar.

Eziz watandaşlar!

Siziň bilşiňiz ýaly, 15 ýyl mundan ozal, 2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirilipdi. Şol saýlawlarda mähriban halkymyz örän uly ynam bildirip, meni döwletimiziň iň ýokary wezipesine saýlady.

Bu belent ynamy 2012-nji, 2017-nji ýyllarda geçirilen ählihalk saýlawlarynda hem örän aýdyňlygy bilen duýdum. Agzybir halkymyzyň şeýle belent ynamy hem ýakyn goldawy netijesinde, bu ýyllarda biz «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämizi öňe sürmek bilen, täze ösüş ýolunda örän möhüm ädimleri ätdik, giň gerimli maksatnamalary, halkara derejeli iri taslamalary durmuşa geçirdik. Bu işler garaşsyz ösüşiň täze belentliklerine ýetmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, Watanymyzyň halkara abraýyny belende götermäge gönükdirildi. Merdana watandaşlarymyzyň işjeň gatnaşmagynda bu ugurdaky maksatlarymyzy üstünlikli amala aşyrdyk we amala aşyrýarys.

Şeýlelikde, men Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary we örän jogapkärli wezipesinde indi 15 ýyl bäri işläp gelýärin. Şol bir wagtda hem men Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipelerini ýerine ýetirýärin.

Hormatly adamlar!

Bilşiňiz ýaly, men iki ýyl mundan ozal pygamber ýaşyny arka atdym. Bu gün bolsa özüm babatda ýönekeý bolmadyk netijä gelendigimi beýan edip, ony siziň bilen maslahatlaşmak isleýärin.

Men ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýärin.

Özümiň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribämi bolsa mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýärin.

Ýaňy hem belläp geçişim ýaly, biz diňe bir geljegimizi däl, eýsem, şu günümizi hem ýaşlar bilen baglanyşdyrýarys. Her bir döwletiň beýikligi onuň ýetişdirip, öňe çykaryp bilen nesilleri bilen kesgitlenýär. Şu günki günde döwrebap ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlarymyz ähli ugurda ýüki öz üstüne alýar.

Olar milli mirasymyza çuňňur sarpa goýmak bilen, köpugurly we çalt özgerýän häzirki zamananyň ýokary talaplaryna mynasyp hötde gelip bilýändikleri bilen tapawutlanýarlar.

Ýaşlar döwletimiziň şu güni we geljegidir.

Ýaşlar biziň başyny başlan işlerimizi mynasyp dowam etdirijilerdir.

Ýaşuly nesliň aň-paýhasy, baý tejribesi bilen ýaşlaryň gujur-gaýratynyň utgaşan ýerinde bolsa ýetilmejek maksat, gazanylmajak sepgit ýokdur!

Hormatly adamlar!

Eziz Watanymyzyň ýeke-täk bolşy ýaly, şu Watandaky ykbalymyz, geljegimiz hem bitewüdir.

Biziň hemmämizi bir mukaddes duýgy birleşdirýär, ol hem mähriban ýurdumyza, il-halkymyza çäksiz söýgüdir.

Biziň ählimizi bir belent maksat birleşdirýär, ol hem nirede, haýsy wezipede bolanyňda hem, ähli ukyp-başarnygyň, zehiniň, zähmetiň bilen mukaddes Watanymyzyň ösüşine goşant goşmak, ýürek yhlasyň bilen halka hyzmat etmek maksadydyr.

Halka gulluk etmek — Haka gulluk etmek!

Men bütin ömrümiň manysyny eziz Watanymyza, mähriban halkymyza hyzmat etmekde görýärin.

Döwlet Baştutanynyň jogapkärli wezipesinde işlemek bilen, ýurdumyzy ösdürmekde el-ele berip gazanan uly üstünliklerimiz üçin ähli watandaşlarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn. Mundan beýläk-de mähriban Watanymyz, merdana halkymyz, nesilleriň abadan durmuşy, beýik ykbaly üçin yhlasymy gaýgyrmajakdygyma, eziz watandaşlar, hormatly adamlar ýene-de ençeme gezek, sizi ynandyrýaryn.

Hormatly Halk Maslahatyna gatnaşyjylar!

Siziň bilşiňiz ýaly, biz Garaşsyzlyk döwründe döwletimiziň ösüşiniň her bir tapgyryna at berýäris. Soňky ýyllarda ýurdumyz ösüşiniň döwürlerini — Täze Galkynyş we Beýik özgertmeler zamanasyny hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni üstünlikli durmuşa geçirdi. Bu döwürleriň her biri biziň taryhymyzda öçmejek yz galdyrdy.

Biz ata Watanymyzyň ösüşiniň indiki döwrüni nähili atlandyrmaly? Elbetde, bu her birimiziň mähriban halkymyza, mukaddes Watanymyza, öz öňümizde goýýan belent maksatlarymyza we ýetýän täze belentliklerimize egsilmez söýgimiz bilen gönüden-göni baglydyr.

Ýakyn ýyllarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň birine öwrülmegi üçin ähli esaslar we mümkinçilikler bar. Häzirki döwürde Türkmen döwleti öz halkynyň geljeginiň hatyrasyna ösüşiň şeýle belentliklerine tarap ynamly barýar. Biz bu ugurda işjeň tagallalary ederis. Şu belent maksatlara laýyklykda, Watanymyzy ösdürmegiň geljek döwrüni «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýip atlandyrsak, örän ýerlikli bolar diýip pikir edýärin.

Eziz watandaşlar!

Goý, biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz mundan beýläk-de ilerlemegiň, özbaşdaklygyň we gülläp ösmegiň ýoly bilen öňe gitmegini dowam etsin!

Goý, biziň merdana halkymyz hemişe bagtyýar we abadan durmuşda ýaşasyn!

Phone: +993 (12) 44-56-92
Fax: +993 (12) 44-58-12
Reception: +993 (12) 44-56-87
Press service: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Ashgabat, Archabil av., 108
Ashgabat, Turkmenistan
© 2024 Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan