icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

19 dekabr 2022

22409

Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki konsullyk edaralary we olaryň wezipeleri

1. Resminamalary talap edip almagyň tertibi barada maglumat

 

Türkmenistanyň raýatlarynyň zerur bolan resminamalary talap edip almak üçin Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna ýüz tutmaga hukugy bardyr. Raýata zerur bolan resminamanyň Türkmenistanyň çäklerinde bolan halatynda, ony talap edip almak üçin aşakdaky tertip ulanylýar.

Gyzyklanýan adam özüniň bolýan döwletinde ýerleşýän Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasyna ýa-da konsullyk edarasyna ýüz tutyp, her bir resminama üçin talap edilýän resminamalar toplumyny tabşyrýar, şeýle hem degişli konsullyk ýygymyny we hakyky çykdajylar üçin tölegleri töleýär.

Resmileşdirlen ýüz tutmalar diplomatik wekilhana ýa-da konsullyk edarasy tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk gullugy bölüminiň (KGB) üsti bilen Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän degişli arhiw edarasyna iberilýär. Gözleg işleri tamamlanandan soňra arhiw edaralary talap edilen resminamalary Türkmenistanyň DIM-ň Konsullyk gullugy bölüminiň (KGB) üsti bilen diplomatik wekilhana ýa-da konsullyk edarasyna iberýär. Talap edilýän resminamany tapmak mümkinçiligi bolmadyk halatynda, arhiw edarasy bu barada hem Türkmenistanyň DIM-ň KGB-ň üsti bilen ýüz tutan tarapa habar berýär.

Pasportlaryň, zähmet depderçeleriň we harby biletleriň asyl nusgalary talap edilmäge we daşary ýurt döwletine iberilmäge degişli däldir. Zerur bolan ýagdaýynda, iş stažy we harby gullugy geçendigi baradaky kepilnamalar daşary ýurtlara iberlip bilner.

Resminamalary talap edip almak boýunça ýüz tutmalaryň görnüşlerine baglylykda olaryň ýerine ýetirilişini aşakdaky edaralar amala aşyrýarlar:

- Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň  RÝNÝ-ň merkezi arhiwi;

- Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi;

- Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi;

- Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy we beýlekiler.

 

Türkmenistanyň çäklerinde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary daşary ýurt döwletlerinden resminamalary talap edip almak üçin Türkmenistanyň DIM-ň KGB-ne ýüz tutup bilerler.

Ýüz tutmany resmileşdirmek işleri we ýüz tutmany ýerine ýetirmegiň möhletleri berilýän başlangyç maglumatlaryň dolulygyna hem-de resminamanyň gelip çykýan döwletiniň kanunçylygynyň talaplaryna bagly bolup durýar. Daşary ýurtlardan resminamalary talap edip almak üçin ep-esli uzak möhletiň talap edilýändigini göz öňünde tutmalydyr.

 

2. Resminamalary kanunlaşdyrmagyň tertibi hakynda maglumat

Resminamany kanunlaşdyrmak diýmek, döwletiň häkimiýetlerinden gelip çykýan ýa-da bu häkimiýetleriň gatnaşmagynda düzülen resminamanyň bu döwletiň kanunçylygyna laýyk gelýändigini tassyklamak diýmekdir. Bu bolsa, resminamada gol çeken wezipeli adamyň golunyň we ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan goýlan möhüriň hakykylygyna şaýatlyk etmekden  ybaratdyr.

Halkara tejribesine laýyklykda, pasportlaryň we onuň ornuny tutýan resminamalaryň kanunlaşdyrylmagy talap edilmeýär.

Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelýän ýa-da öz mazmuny boýunça Türkmenistanyň bähbitlerine zyýan ýetirip biljek ýa-da raýatlaryň namysyny we mertebesini kemsitjek resminamalar we namalar, şeýle hem pasportlaryň, zähmet depderçeleriniň, harby biletleriň,  şahsyýetnamalaryň, eýeçilik hakykdaky resminamalaryň, söwda we gümrük operasiýalaryna gönüden-göni dahyly bolan resminamalaryň (hasaplar, harydyň serhetden geçirilendigi barada resminamalar, haryt ibermek barada ylalaşyklar, gümrük deklarasiýalary we ş. m.) asyl nusgalary we nusgalary kanunlaşdyrylmaga degişli däldir.

 

Resminamalary daşary ýurtlarda ulanmak üçin kanunlaşdyrmak.

 

Resminamalary daşary ýurtlarda ulanmak üçin kanunlaşdyrmak işi aşakdaky görnüşde amala aşyrylýar:

 

1) Türkmenistanyň çäklerinde notarial edarasy resminamanyň nusgasyna şaýatlyk edýär;

2) Türkmenistanyň Adalat ministrligi notariusyň golunyň we möhüriniň hakykylygyna şaýatlyk edýär;

3) Türkmenistanyň DIM-ň KGB-i Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň möhüriniň we wezipeli işgäriniň golunyň hakykylygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň DIM-ň KGB-de kanunlaşdyrlan resminamalar degişli tertipde ulanyljak döwletiniň diplomatik wekilhanasynda ýa-da konsullyk edarasynda kanunlaşdyrylýar. Şunlukda, daşary ýurt döwletiniň konsuly Türkmenistanyň DIM-ň KGB-ň ygtyýarly işgäriniň we möhüriniň özünde bar bolan nusgalary esasynda bu resminama şaýatlyk edýär.

Kada boýunça resminamalar notarial taýdan tassyklanan nusgalarda kanunlaşdyrylýar. Daşary ýurt döwletinde ulanmak maksady bilen bilim hakyndaky resminamalaryň sahypasynda kanunlaşdyryş stikerini ýelmemek üçin ýeterlik boş ýeri bar bolan halatynda Türkmenistanyň DIM-ň KGB-de asyl nusgada kanunlaşdyrmagyna rugsat edilýär.

Resminamany Türkmenistanyň DIM-ň KGB-de kanunlaşdyrmaklygy amala aşyrmak üçin göz öňünde tutulan konsullyk ýygymy hem-de hakyky çykdajylar we stiker üçin tölegler alynýar.

Daşary ýurt döwletleriniň resminamalaryny Türkmenistanda ulanmak üçin kanunlaşdyrmak.

Daşary ýurt döwletlerinde berlip, Türkmenistanyň çäklerinde ulanmak üçin niýetlenen resminamalary şol resminamanyň gelip çykýan döwletiniň Daşary işler ministrligi ýa-da kanunlaşdyrmaga ygtyýar berlen beýleki resmi edarasy tarapyndan kanunlaşdyrlandan soň, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynda ýa-da konsullyk edaralarynda kanunlaşdyrylýarlar.

Degişli tertipde Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynda ýa-da konsullyk edaralarynda kanunlaşdyrylmazdan Türkmenistana getirlen daşary ýurt döwletleriniň resminamalary, deslapdan şol daşary ýurt döwletiniň Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynda kanunlaşdyrylandan soňra Türkmenistanyň DIM-ň KGB-de kanunlaşdyrylýar.

Raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakynda Türkmenistanyň baglaşan ikitaraplaýyn şertnamalaryna, şeýle hem GDA agza bolan döwletleriň arasynda 1993-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Minskde gol çekilen Raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakynda Konwensiýa laýyklykda, ylalaşýan taraplaryň biriniň resmi häkimýetleri tarapyndan berlen resminamalar, beýleki ylalaşýan tarapyň çäklerinde resmi tertipde ykrar edilýär we goşmaça kanunlaşdyrma işini geçirmezden güýji bardygy subut edilen resmi resminama hökmünde ulanylýar.

 

3. Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt döwletlerinde konsullyk hasabyna we bellige alnyşy

Umumy düzgünler.

«Konsullyk gullugy hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary özleriniň konsullyk çäklerinde bolýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hasabyny ýöretmek we olary bellige almak boýunça işleri amala aşyrýarlar. Türkmenistanyň çäklerinden daşarda bolýan Türkmenistanyň raýatlary Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynda ýa-da konsullyk edaralarynda bellige alynmaga (konsullyk hasabyna durmaga) haklydyrlar.

Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň resmi saýtlarynyň üsti bilen raýatlaryň elektron tertipde konsullyk hasabyna durmak mümkinçilikleri göz öňünde tutulandyr.

Türkmenistanyň raýatlarynyň konsullyk hasabyna alnandygy baradaky bellik tölegsiz esasda amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň DIM-ň KGB-i raýatlara bu mümkinçilikden peýdalanmagy maslahat berýär. Hökmany talap bolmadyk bu hereketler, raýatlaryň köpsanly meselelerini (öňde duran saýlawlar we sala salşyklar barada maglumat ýetirmek, Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny, ýurda dolanyp barmak üçin şahadatnamany hem-de raýat ýagdaýynyň nama ýazgylarynyň şahadatnamalaryny resmileşdirmek we ş.m.-ler) Türkmenistana gelmezden ýerinde çözmeklerine, şeýle hem bolunýan ýurtda harby hereketler, köpçülikleýin bidüzgünçilikler we tebigy betbagtçylyklar ýüze çykan halatynda Watana dolanmak meselelerini ýeňilleşdirmäge mümkinçilik berer.

Konsullyk hasabyna durmak üçin, raýatlar Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanasynda ýa-da konsullyk edarasynda ýa-da olaryň resmi saýtlarynyň üsti bilen bellenen görnüşdäki sowalnamany (kartoçkany) elektron usulda doldurýarlar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi