icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

19 dekabr 2022

24391

Türkmenistanyň konsullyk ýygymlarynyň möçberleri

Wizalary resmileşdirmek we bermek üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, konsullyk ýygymlarynyň aşakdaky möçberleri göz öňünde tutulan:

 

1) Bir gezeklik wizalar:

- 10 gije-gündize çenli – ABŞ-ň 20 dollary;

- 20 gije-gündize çenli – ABŞ-ň 30 dollary;

- 1 aýa çenli – ABŞ-ň 40 dollary;

- her bir indiki aý üçin – ABŞ-ň 30 dollary.

2) Köp gezeklik wizalar:

- 1 aýa çenli – ABŞ-ň 60 dollary;

- her bir indiki aý üçin – ABŞ-ň 40 dollary.

3)  5 güne çenli bir gezeklik üstaşyr wizasy üçin – ABŞ-ň 20 dollary.

4) wizalaryň Türkmenistanyň halkara howa menzillerinde resmileşdirilmegi üçin ABŞ-ň 50 dollary möçberinde goşmaça töleg alynýar.

Wizalar berlende olaryň resmileşdirilmegi bilen bagly hakyky çykdajylaryň öwezini dolmak üçin tölegler hem alynýar. Şeýle ýygymlaryň möçberleri (ýüz tutýanyň raýatlygyna garamazdan) wizalaryň resmileşdirilýän ýerine bagly bolup durýar.

Konsullyk hereketleri resminamalaryň bu hereketleri amala aşyrýan edara gelip gowşan pursatyndan başlap 10 senenama gününiň dowamynda ýerine ýetirilýär. Konsullyk hereketleriniň 3 iş gününiň dowamynda gyssagly tertipde amala aşyrylmagy, şeýle hem konsullyk hereketleriniň iş wagtynyň daşynda, dynç alyş we baýramçylyk günlerinde amala aşyrylmagy üçin ýygymlaryň möçberleri 100 göterim artdyrylýar.

Bellik: Ikitaraplaýyn esasda degişli ylalaşyklar we şertleşikler bar bolan döwletleriň raýatlary üçin Türkmenistana giriş wizalaryny resmileşdirmegiň başga tertibi göz öňünde tutulyp bilner.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi