icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

17 mart 2023

2564

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy

2023-nji ýylyň 16-njy martynda Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdan daşary sammitine hormatly myhman hökmünde çagyrylan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dostlukly ýurduň Baştutanyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamyny hem-de türk halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Arkadagymyz Türkiýede bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken doganlyk türk halkyna ýene-de bir gezek ýürekden gynanjyny we duýgudaşlygyny beýan etdi.

Duşuşygyň dowamynda türk lideriniň bellemegine görä, Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy hökmünde gatnaşmagynyň syýasy-diplomatik häsiýete eýedigini we dostlukly türki dilli halklar bilen söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilendir.

Iki döwletiň söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklarynyň meseleleri barada aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň daşary söwda gatnaşyklarynda Türkiýäniň beýleki hyzmatdaşlaryň arasynda öňdäki orunlary eýeleýändigini belledi.

Ulag-logistika pudagyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek nukdaýnazaryndan, bar bolan ulag geçelgelerinden peýdalanylmagynyň maksadalýykdygy bellenildi. Energetika pudagy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde görkezildi. Bu ugurdaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň, türkmen tebigy gazyny we elektrik energiýasyny üçünji ýurduň üsti bilen Türkiýä ibermek boýunça meseleleriň üstünde işlenilmeginiň zerurdygy barada aýdyldy.

Ylym-bilim gatnaşyklarynyň ösdürilmegi medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösüşiniň çäklerinde aýratyn bellenildi.

Hoşniýetli sözleri we ýagşy arzuwlary üçin türk lideri iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklarynda hemişe dost-doganlyk häsiýetiniň bardygyny nygtady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi