icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

18 fewral 2019

1064

Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirlen dabaraly maslahat

2019-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp «Türkmen diplomatiýasy: halkara meseleleri çözmegiň hyzmatynda» atly dabaraly maslahaty geçirildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Ylymlar Akademiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, milli hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli mejlise gatnaşyjylara iberen gutlagy okaldy. Onda berkarar Watanymyzyň ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ösüş ugrundaky tagallalarynyň dünýä jemgyýetçiliginde uly goldaw tapýandygy barada beýan edildi.

Gutlag okalandan soň, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan daşary syýasaty hakyndaky wideo film görkezildi. Şeýle hem çäräniň dowamynda halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän wekilhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Soňra, «Türkmen diplomatiýasy: halkara meseleleri çözmegiň hyzmatynda» atly dabaraly maslahata gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edilip,  ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň meselelerine berýän aýratyn ünsi üçin çuňňur minnetadarlyk bildirildi.

Şeýle hem mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň jöwher paýhasyndan kemala gelen kitabyň hem-de milli Liderimiziň alyp barýan daşary syýasatyna bagyşlanan kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, şeýle hem Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Çykyşlardan soňra, aýratyn tapawutlanan ýaş diplomatlara we Halkara gatnaşyklary institutynyň gutardyş ýyl talyplaryna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň diplomlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Soňra Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň taýýarlan baýramçylyk konserti geçirildi.

Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw Merkezinde Türkmenistandaky Halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň tejribe sapaklary bilen çykyşlary gurnaldy.

Mundan başga-da, 2019-njy ýylyň 15-17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Aşgabat şäherindäki diplomatik wekilhanalaryň işgärleriniň gatnaşmagynda küşt we şaşka hem-de woleýbol boýunça ýaryşlary geçirildi. Şeýle hem, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndaky wekilhanalary tarapyndan Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahatlar gurnaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi