icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

08 fewral 2026

69

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine hem-de Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrine halkara baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli sanly ulgam arkaly GUTLAGY

Hormatly dabara gatnaşyjylar!

Sözümiň başynda, men Siziň hemmäňize özümiň mähirli salamlarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Azerbaýjan Respublikasynyň Hormatly Prezidenti, gadyrly doganym Ilham Aliýewi hem-de Ermenistan Respublikasynyň Hormatly Premýer-ministri Nikol Paşinýany «Adamzadyň doganlygy ugrunda halkara Zaýed baýragynyň» gowşurylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Şu günki dabara özara düşünişmek we ynanyşmak, döwletara dialogy berkitmek hem-de parahatçylyk we durnuklylyk ugrunda päsgelçilikleri ýeňip geçmegi başarmak ýörelgeleriniň häzirki döwrüň çylşyrymly meselelerini hem wezipelerini çözmekde örän möhüm, täsirli we öňdengörüji çemeleşmeler bolup durýandygyny aýdyň tassyklaýar.

Biz Türkmenistanda Azerbaýjan Respublikasy we Ermenistan Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly hormat bilen garaýarys we aýratyn ähmiýet berýäris. Türkmen halky bilen bu ýurtlaryň halklarynyň arasynda köpasyrlyk taryhy, syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer arabaglanyşyklar bar. Häzirki wagtda döwletara gatnaşyklarymyz esasy deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösýär we ýurtlarymyzyň ileri tutýan maksatlaryna doly laýyk gelýär.

Azerbaýjanyň Prezidentiniň we Ermenistanyň Premýer-ministriniň paýhasynyň we ýokary jogapkärçiliginiň iki ýurduň rowaçlygyny we abadançylygyny üpjün etmäge, asla hem Günorta Kawkazda uzak möhletli durnuklylygy hem-de ylalaşygy saklamaga we berkitmäge uly täsir edýän wajyp faktor bolup çykyş edýändigini nygtamak isleýärin.

Şeýh Zaýed adyndaky baýragyň berilmegi dünýä derejesinde hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň, parahatçylyk filosofiýasynyň, ynanyşmagyň we özara hormata esaslanýan dialogyň ýokary gymmatlyklaryny yzygiderli gorap saklamak üçin ruhlandyryjy itergi bolar diýip ynanýarys.

Türkmenistan bu ugurdaky işlere hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesini, mümkinçiliklerini we toplan syýasy tejribelerini ählumumy hem-de sebitleýin parahatçylygy döretmek boýunça gün tertibini amala aşyrmak, halkara hukugynyň kadalaryny we Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasyny goramak boýunça derwaýys meseleleri çözmek üçin ulanmaga taýýardyr.

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýyl Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edildi. Ol şanly sene ýokarda agzalan düşünjeleriň zerurlygyny we ähmiýetini örän aýdyň subut etdi.

Şeýle hem dürli döwletleriň we abraýly köptaraplaýyn guramalaryň gapma-garşylyklary ýeňip geçmek, halkara gatnaşyklary netijeli hyzmatdaşlyga we özara bähbitli çözgütleri tapmaga gönükdirmek ugrunda edýän tagallalaryna dünýä derejesinde berilýän goldawyň barha giňeýändigini we güýçlenýändigini açyp görkezdi.

Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda parahatçylygy we ylalaşygy gazanmak boýunça möhüm çözgütleriň hut Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda kabul edilmegi uly taryhy ähmiýete eýedir.

Hormatly dabara gatnaşyjylar! 

Şeýh Bin Zaýed ol beýik adamdy. Maňa-da ençeme gezek onuň bilen bir supranyň başynda parahatçylyk barada söhbetdeşlik etmek miýesser edipdi.

Şunuň esasynda Azerbaýjanyň Prezidentine we Ermenistanyň Premýer-ministrine «Adamzadyň doganlygy ugrunda halkara Zaýed baýragynyň» gowşurylmagy syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, netijeli özara gatnaşyklara, bilelikdäki giň hem möçberli ykdysady we infrastruktura taslamalaryna çykmaga täze itergi berer diýip berk ynanýaryn.

Türkmenistanyň bu döredijilikli başlangyçlary we mümkinçilikleri oňyn garşylaýandygyny hem-de goldajakdygyny mälim etmek isleýärin.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglyk, abadançylyk we jogapkärli döwlet işleriňizde uly üstünlikleri, Siziň goňşy ýurtlaryňyzyň halklaryna bolsa, mizemez parahatçylyk, bagt we rowaçlyk, asla dünýä hem ähli halklaryna abadançylygy hem parahatçylygy arzuw edýärin.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi