icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

26 fewral 2019

922

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda, umumy taryhy we medeni arabaglanyşygy bolan bu iki döwletiň dostlukly gatnaşyklary barada aýdylanda, taraplar ynanyşmak, goldamak we birek-birege hormat goýmak esasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň konstruktiw häsiýetini aýratyn belläp geçdiler. 

Halkara syýasy giňişlikde iki ýurduň işjeň pozisiýasy hakynda aýdylanda, bahreýn tarapy BMG-niň çäklerinde sebit we dünýä derejesinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekdäki ýakyndan hyzmatdaşlyga üns berdi.

Şeýle-de taraplar Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Käbir bilelikdäki taslamalar boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine hem seredildi. 

Gepleşikleriň ahyrynda, taraplar iki halkyň ruhy umumylygynyň we däp-dessurlarynyň esasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň hem berkidilmegi üçin oňaýly şertleri döretjekdigine berk ynamynyň bardygyny aýtdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi