icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

27 mart 2019

1038

Merkezi we Günorta Aziýa sebitiniň energetika hyzmatdaşlygy boýunça ýörite maksatly toparynyň (RECA) maslahaty

2019-njy ýylyň 27-nji martynda paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Merkezi we Günorta Aziýa sebitiniň energetika hyzmatdaşlygy boýunça ýörite maksatly toparynyň (RECA) 15-nji maslahaty öz işine başlady. Bu iki günlük maslahat Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Energetika ministrliginiň ýardam bermeginde gurnaldy. 

Maslahatyň işine Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň degişli ministlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň işgärleri we hünärmenleri, Halkara Energetika Hartiýasy, GDA, USAID ýaly halkara we sebitleýin guramalaryň wekilleri, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň energetika kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň işi aýratyn sessiýalar görnüşinde geçýär, olaryň barşynda gatnaşyjylar Merkezi Aziýadaky energetika ulgamlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, energetika ulgamyndaky sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki döwrebap tendensiýalar, täze taslamalar, Merkezi Aziýada täzeden dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ýagdaýy barada maglumat we pikir alyşýarlar. Şeýle-de serhetara energiýa söwdasynyň hem-de sebitleýin energetika howupsuzlygynyň orny ara alnyp maslahatlaşylar.

Maslahat energetika hyzmatdaşlygy boýunça gepleşikler üçin energetika bazarlarynyň integrasiýasy, üpjünçiligiň çeşmelerini diwersifikasiýalaşdyrmak we durnukly ösüşi gazanmak üçin meýdança bolup hyzmat eder.

28-nji martda maslahat öz işini dowam eder.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi