icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

27 mart 2019

1084

Türkmenistan we Italiýa syýasy geňeşmeleri geçirdi

2019-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen-italýan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Italýan Respublikasynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary jenap Manlio Di Stefano ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-italýan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen bir hatarda özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara meseleleri, BMG-niň hem-de ÝB-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek boýunça pikirler alyşyldy.

ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Strategiýasyny diwersifisirlemegiň mümkinçilikleri bellenilip geçildi. Bu ugurda Ýewropa Bileleşiginiň ähmiýetli ýurtlarynyň biri bolmak bilen, Italiýa geljekde hem bu resminamanyň durmuşa ornaşdyrylmagynda möhüm orny eýeleýändir.

Gepleşikleriň barşynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň diwersifirlenmegine aýratyn ähmiýet berilmegi bilen bu ulgamyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugry bolup galmalydygy baradaky özara pikire geldiler. Şunuň bilen birlikde wekiliýetler bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryny mundan beýläk hem ösdürmegiň zerurlygyny aýratyn nygtadylar. 

Gepleşikleriň tamamlanmagy boýunça taraplar “Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň arasynda 2019-2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna” gol çekdiler. Soňra myhman wekiliýetiniň ýolbaşçysy köpçüleikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi