icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

03 aprel 2019

1397

Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyna laýyklykda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler

15 - 16-njy maýda Aşgabat şäherinde GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy geçiriler

Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky ylym-bilim, medeni-ynsanperwer, sungat we döredijilik babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Medeniýet ministrligine Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi, Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 15 — 16-njy maýynda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

31-nji maýda Aşgabat şäherinde GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine we Daşary işler ministrligine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

11-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň 2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine Daşary işler ministrligi bilen bilelikde 2019-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi