28 ýanwar 2023
6276
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ BEÝANNAMASY
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Azerbaýjan Respublikasynyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda bolup geçen, Ilçihananyň goragyna degişli bolan bir işgäriniň ýogalmagyna we iki işgäriniň ýaralananmagyna sebäp bolan ýaragly hüjümi ýazgarýar.
Türkmenistan diplomatik wekilhanalara edilýän hüjümleriň we diplomatik edaralaryň işgärlerine garşy islendik zorlugyň ulanylmagyna ýol berilmeli däldigini nygtaýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi merhumyň garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanç bildirýär, şeýle hem Azerbaýjanyň Eýrandaky Ilçihanasynyň ýaralanan işgärlerin tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw edýär.
Başga habarlar
20
Apr
Türkmenistanyň DIM-de BSGG-niň Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
18
Apr
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi
18
Apr
Türkmenistan we Türkiýe hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlylygyny tassykladylar
18
Apr
Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
18
Apr
Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Ähli habarlary görmek