icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

11 fewral 2026

90

Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Tailandyň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy

2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Bangkok şäherinde Tailand Patyşasynyň Köşgünde (Amphorn Royal Palace) Ilçi M.Maşalowyň Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Kuala Lumpur ş.) hökmünde ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.

Dabaranyň barşynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Tailandyň Patyşasyna mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Patyşa Ilçini bu jogapkärçilikli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem, özüniň geljekde Türkmenistana saparynyň amala aşyrmak meýliniň bardygyny nygtap geçdi.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygy bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmage bolan gyzyklanmasy tassyklanyldy.

Ynanç hatyny gowşuryş dabarasyndan soňra, Tailand Patyşalygynyň Daşary işler ministri Sihasak Phuangketkeo bu ýurda täze bellenen Ilçileri bilen gysgaça gürrüňdeşlik gurnady. Söhbetdeşlikde Tailand Patyşalygynyň Daşary işler ministri Ilçiniň diplomatik işini amal aşyrmakda ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Tailand Patyşalygynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde yzygiderli gatnaşyklary saklamak babatynda ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi