icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

18 noýabr 2023

1722

Aşgabatda türkmen-eýran işewürlik forumy geçirildi

2023-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet we hususy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik forumy geçirildi.

Forumyň işine Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň başlyklary - Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şähergurluşyk ministri Mehrdad Bazrpaş gatnaşdy.

Duşuşyga gatnaşyjylar bu çäräniň söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag we logistika ýaly gatnaşyklarynyň giň gerimli ugurlaryny öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek üçin ýene-de bir möhüm ädim bolup durýandygy, şeýle hem ikitaraplaýyn mümkinçilikleri ösdürmekde hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we berkitmegiň ýollaryny tapmakda Türkmenistanyň we Eýranyň işewür toparlarynyň gepleşikleri üçin netijeli platforma bolup hyzmat edýändigi barada umumy pikiri beýan etdiler.

Serginiň we işewürlik forumynyň çäginde Türkmenistanyň we Eýranyň işewür toparlarynyň wekilleri hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we çuňlaşdyrmak üçin birnäçe duşuşyklary we gepleşikleri geçirdiler.

Gepleşikleriň netijesinde iki ýurduň telekeçileriniň arasynda däp bolan netijeli gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi