icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

28 noýabr 2023

1117

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

2023-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi.

Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Atdaýew, azerbaýjan wekilýetine Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň dowamynda iki döwletiň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 6-njy mejlisiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilişi, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda, iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ösüşiniň oňyn häsiýete eýedigi nygtaldy.

Taraplar energetika we nebit-gaz pudagynda, himiýa, ulag hem-de kommunikasiýa ulgamlarynda, oba-hojalygy we azyk senagatynda, daşky gurşawy goramakda, şäher gurluşygynda hem-de binagärlikde, şeýle hem, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekligi ylalaşdylar.

Taraplar iki döwletiň hususy sektorynyň wekilleriniň Türkmenistanda we Azerbaýjanda geçirilýän söwda ähmiýetli çärelere gatnaşmagy bilen bagly işleri giňeltmek boýunça ylalaşyk gazandylar.

Mejlise gatnaşyjylar “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) arasynda gaz senagaty boýunça hyzmatdaşlygyň ösüşiniň ýokary derejesini bellediler we SOCAR-yň Aşgabatdaky wekiliçiliginiň açylmagyny hoşallyk bilen garşyladylar.

Mejlisiň jemleri boýunça ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 7-nji mejlisiniň Teswirnamasy kabul edildi.

Taraplar hökümetara toparynyň indiki 8-nji mejisini Baku şäherinde geçirmegi ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi