icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

06 dekabr 2023

897

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Aşgabatda 10-njy bilelikdäki işewürlik maslahatynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi we onuň türkmen-amerikan maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýeti bellenildi. Şunda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň uzak möhletleýin esasda köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklary tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde işewürlik geňeşiniň saldamly goşandyna üns çekildi.

Nygtalyşy ýaly, döredileninden bäri geçen 15 ýylyň dowamynda işewürlik geňeşi türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň möhüm guralyna, iki ýurduň ykdysady subýektleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, pugtalandyrmak, işjeňleşdirmek üçin netijeli meýdança öwrüldi. Onuň düzümine girýän ABŞ-nyň iri kompaniýalary türkmen bazarynda strategik taýdan ähmiýetli ulgamlarda üstünlikli işleýärler. Amerikan işewür toparlarynyň köp sanly wekilleri Türkmenistan bilen gatnaşyklara uly gyzyklanma bildirýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-amerikan işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge, döwletara dialogy pugtalandyrmaga ýardam edýän netijeli işi üçin jenap Erik Stýuarta minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ABŞ-nyň kompaniýalary bilen oňyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny goldaýandygyny we işewürlik geňeşi tarapyndan anyk tekliplere garamaga taýýardygyny belledi.

Işewür döwlet Baştutanymyza netijeli söhbetdeşlik we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine uly üns berýändigi üçin hoşallyk bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy döredilen geljegi uly türkmen bazarynda orunlaryny pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini ýene-de bir gezek tassyklady.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi