icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

22 fewral 2024

2117

Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Myhman mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirdi we Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň hem-de BAE-niň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň mähirli salamyny ýetirdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy öz gezeginde dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň Ýakyn Gündogar döwletleri, esasanam BAE bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak isleýändigini mälim etdi.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmen halkynyň Milli Lideriniň BAE-ne amala aşyran saparynyň ähmiýetini belledi. Şu nukdaýnazardan geçirilen ýygnaklarda we gepleşiklerde gazanylan ylalaşyklaryň türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyna täze itergi berendigi nygtaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi