icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

22 fewral 2024

2539

Türkmenistan we Ýaponiýa parlamentara gepleşikleri giňeltmegi maksat edinýär

2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen Ýaponiýanyň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaganyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy 2022-nji ýylyň sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynda öňe süren teklipleriniň ähmiýeti barada belledi.

Hususan-da, iki ýurduň arasynda hereket edýän Parlamentara dostluk toparynyň işini güýçlendirmek, ýaşlaryň parlamentara gatnaşyklaryny döretmek, parlamentara gatnaşyklarda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak we parlamentara hyzmatdaşlykda durnukly ösüşi gazanmak meseleleri babatynda nygtaldy.

Mundan başga-da, taraplar «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň parlament ýolbaşçylarynyň birinji duşuşygyny geçirmek baradaky başlangyjyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns çekdiler.

Şeýle hem, Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň ýaňy-ýakynda geçirilen birinji duşuşygynyň ähmiýeti barada bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar halkara guramalarynyň çäginde iki ýurduň parlament agzalarynyň başlangyçlaryny goldamagyň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmekde parlamentleriň möhüm orny beýan edildi

Şunuň bilen baglylykda, taraplar parlament diplomatiýasy arkaly türkmen-ýapon gatnaşyklaryny berkitmek, kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak barada ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi