icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

28 mart 2024

2978

Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

2024-nji ýylyň 27-nji martynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow YHG-nyň Baş sekretarynyň “Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri” atly halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada amala aşyrýan şu gezekki saparynyň ähmiýetini belledi. Bu forum Diýarymyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz jenap Husraw Nozirä maslahata gatnaşmagynyň netijeli bolmagyny hem-de onuň çäklerinde özara bähbitli gepleşikleri geçirmegini arzuw edip, saparyň jemleriniň Türkmenistan bilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda däp bolan gatnaşyklary, şol sanda syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda ýurdumyz bilen bu düzümiň arasynda köpugurly gatnaşyklaryň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesi bu babatda ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edip, bu köptaraply düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam bermäge çalyşýandygyny belledi. Bu ýerde energetika ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Ýurdumyz tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, onuň iberilişini, şol sanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň giňişligindäki sarp edijilere we üstaşyr geçirijilere iberilmegini ep-esli diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardyr.

Ulag ulgamy özara gatnaşyklaryň beýleki bir möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyny Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ulag geçelgelerinden peýdalanyp, ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge has işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri Türkmenistanyň hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň däp bolan netijeli dialoga ygrarlydygyny tassyklap, umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi