icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

11 aprel 2024

2082

«Parahatçylygy ilerletmek: Ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa geçirmek» atly maslahat

2024-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygy ilerletmek: Ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa geçirmek» atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik korpusyň, ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hem-de Ylymlar akademiýasynyň ylmy işgärleri,  ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar. Forumyň işine wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly halkara guramalaryň ýolbaşçylary goşuldylar.

Maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG- niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy K.Imnadze, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy D.Şlapaçenko, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy J.MakGregor, sanly wideo aragatnaşyk arkaly Bütindünýä söwda guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary S.Çžan, BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlary boýunça Sebitleýin edarasynyň müdiri I.Žiwkowiç, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary we sebitleýin wekili W.Gutsu, BMG-niň Ýewropada we Merkezi Aziýada durnukly ösüş maksatlaryny utgaşdyrmak boýunça sebitleýin direktory G.Son çykyş etdiler.

 

Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynyň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň 63-nji umumy ýygnagynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2024-nji ýylyň 21-nji martynda halkara bileleşiginde parahatçylyk dialogy medeniýetini ilerletmek boýunça işjeňligi dowam etdirmegiň ähmiýetini görkezýän «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň bir agyzdan kabul edilendigini bellediler.

 

Bu Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara jemgyýetçiliginde parahatçylykly we ynanyşma esasly gepleşik medeniýetini ösdürmek boýunça alyp barýan yzygiderli tagallalarynda nobatdaky ädim boldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», şeýle hem 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky öňki Kararnamalary ýaly, Türkmenistanyň täze başlangyjy-da BMG- niň ýörelgelerine we dünýä ösüşiniň wajyp hakykatlaryny hem tendensiýalaryny göz öňünde tutmak bilen halkara hukugynyň umumy kabul edilen kadalaryna esaslanýan Bütindünýä howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmäge gönükdirilendir.

 

Şeýle hem duşuşygyň barşynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasy bilelikdäki hereketler üçin esas hökmünde kabul edilip, ýüze çykýan ýagdaýlary parahatçylykly, syýasy-diplomatik usullar hem serişdeler arkaly çözmäge, döwletleriň arasynda ynanyşmak esasly gatnaşyklary pugtalandyrmaga niýetlenendigi aýratyn nygtaldy.

Halkara maslahat işini üç tematiki bölümler boýunça dowam etdi. Onuň birinji bölümi «Jedelleri çözmek we ynanşmagy berkitmek üçin syýasy, ynsanperwer we diplomatik mehanizmler» ady bilen geçirilip, onda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary we Terrorçylyga garşy göreşmek komitetiň ýerine ýetiriji müdirliginiň ýerine ýetiriji direktory N. German, Halkara Migrasiýa Guramasynyň Günorta-Gündogar, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory M. Profazi, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti býurosynyň müdiriniň orunbasary E. Hansen çykyş etdiler.

Ikinji bölüm «Parahatçylyk proseslerini goldamakda we ýardam bermekde halkara guramalaryň orny» ady bilen geçirilip, onda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň geňeşçisi U. Lif, UNISEF-iň Türkmenistandaky wekili M.Faýazi, Halkara söwda merkeziniň ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary D. Tembo, şeýle-de UNISEF-iň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebit direktory R. De Dominisis çykyş etdiler.

Üçünji bölüm «Durnukly ösüşi we parahatçylygy goldamagyň ykdysady jähtleri» ady bilen geçirilip,onda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary T. Paowiç, BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň edarasynyň ykdysatçysy W. Waletka çykyş etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi