icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 maý 2024

979

Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygyny kabul etdi

2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiakini kabul etdi.

Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň döwlet Baştutanymyza iberen salamyny, gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Imperatoryna hem-de Premýer-ministrine salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan edip, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň deňhukuklylyga, özara hormat goýmaga esaslanýandygyny, onuň uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň abraýly halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy. Ýurtlarymyz halkara giňişlikde hereketlerini utgaşdyryp, birek-biregiň ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýarlar.

Iki döwletiň “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” dialogynyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem ösüş häsiýetine eýedir. Bu dialog hyzmatdaşlygyň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Türkmenistanyň Prezidentini bu formata gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitinde görmäge şat boljakdygyny aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sammitiň umumy bähbitlere laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny belledi.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Şunda Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň işine uly ähmiýet berilýär. Ol hyzmatdaşlygyň bar bolan uly kuwwatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Şeýle hem geljek ýyl Ýaponiýada “EKSPO - 2025” Bütindünýä sergisiniň geçiriljekdigi aýdyldy. Bu serginiň Günüň dogýan ýurdunda geçirilmegini goldap ses beren Türkmenistan onuň işine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýär. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ösüşinde we bütindünýä sergileriniň taryhynda möhüm waka boljak “EKSPO - 2025-iň” üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamyň türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bellenildi. Iki ýurtda yzygiderli geçirilýän sergiler, Medeniýet günleri we beýleki çäreler bu ugurdaky özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki döwletara hyzmatdaşlygyň özara hoşmeýilli erk esasynda ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi