icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 maý 2024

1130

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 14-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy.

Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekledi hem-de ony ýakynda bolan doglan güni bilen gutlady. Şeýle-de Neda Bergeriň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýandygy bellenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri medeniýet, sungat, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ugurlary boýunça ýakyn işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda Neda Bergeriň alyp barýan işlerine ýokary baha bermek bilen, ýurtlarymyzyň has-da ýakynlaşmagy, dostluk we hyzmatdaşlyk köprülerini berkitmek ugrunda tagallalary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistana şu gezekki saparyň hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirildi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, Milli Liderimize öz doglan gününe gymmatly sowgady - dört dilde - türkmen, iňlis, nemes we rus dillerinde goşgulary çap edilen, Arkadagymyzyň giriş sözi ýerleşdirilen kitaby sowgat berendigi üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy giriş sözünde bilelikde amala aşyrylan ähli taslamalara ýokary baha berýär.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň geljek, 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny goldandygy üçin Awstriýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň alyp barýan döredijilikli işiniň medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýandygyny hem-de iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyna ýardam berýändigini bellenildi.

Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetiň ýolbaşçysy hanym Neda Bergere berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi we ony Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli öňde boljak giň gerimli dabaralaryň hormatly myhmanlarynyň hatarynda görmäge şatdygyny belledi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi