20 maý 2024
4573
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
Türkmenistan Eýranda bolup geçen dikuçar heläkçiligi bilen baglanyşykly ýardam bermäge taýýar.
Türkmenistan Eýranda bolup geçen, bortunda ýurduň Prezidenti Ebrahim Raisi we beýleki ýokary wezipeli adamlar bolan dikuçar heläkçiligi baradaky habary çuňňur ynjalyksyzlyk bilen kabul etdi.
Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistan bu ýagdaýda goňşy ýurt bolan Eýranyň doganlyk halkyna ähli zerur bolan kömegi berer.
Türkmen tarapy bu ýagdaýa alada bilen garaýar we bu meselede Yslam respublikasynyň diplomatik gullugy bilen aragatnaşyk saklaýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy.
Başga habarlar
09
Sep
«C5+1» köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk formatynyň Sekretariatynyň nobatdaky mejlisi
09
Sep
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Fransiýanyň Ilçisi bilen duşuşdy
09
Sep
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ýewropa Bileleşiginiň Ilçisi bilen duşuşyk geçirdi
09
Sep
Türkmenistanyň DIM-nde Özbegistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
08
Sep
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
Ähli habarlary görmek