icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

23 maý 2024

1294

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 22-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin Milli Liderimize hoşallygyny beýan edip, Arkalaşygyň çäklerinde deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde Türkmenistanyň möhüm ornuny nygtady.

Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Bu mejlis Arkalaşykda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolar.

Mejlisde ykdysady hyzmatdaşlyk, energetika, infrastruktura hem-de ýurtlarymyzyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleri ýaly wajyp meseleler boýunça pikir alyşmak üçin mümkinçiligiň boljakdygy bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy nygtaldy.

Türkmenistan öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp hem-de GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişliginde dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, Arkadagymyz ýurdumyzyň GDA-nyň çäklerinde geçirilýän sammitlere, mejlislere we beýleki çärelere işjeň gatnaşýandygyny, ykdysadyýet, söwda, medeniýet, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giň gerimde alyp barýandygyny, ulag, energetika pudaklarynda tagallalaryň mundan beýläk-de utgaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýändigini belledi.

Medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi nygtaldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagy, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýändigini aýdyp, Arkalaşygyň çäklerindäki özara hereketleri üstünlikli utgaşdyrýandygy we GDA-nyň abraýynyň berkidilmegine uly goşant goşýandygy üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe minnetdarlyk bildirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi