icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

25 maý 2024

3131

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyny kabul etdi

2024-nji ýylyň 24-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Akylbek Žaparowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň mähirli salamyny, Türkmenistanyň halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz dostlukly Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, doganlyk ýurduň Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Akylbek Žaparowyň GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagyny aýratyn belläp, bu çäräniň türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygyny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda umumy ruhy, medeni, taryhy gymmatlyklary bolan Türkmenistanyň hem-de Gyrgyz Respublikasynyň ýakyn goňşy, ygtybarly hyzmatdaş bolmak bilen, döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändikleri tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti we myhman ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdyp, taraplaryň berk syýasy erkiniň, özara ynanyşmagynyň iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk binýat bolup durýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyz ikitaraplaýyn syýasy dialogy üstünlikli alyp barmak bilen çäklenmän, şol bir wagtyň özünde halkara guramalaryň çäklerinde hem işjeň hyzmatdaşlyk edýärler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi nygtaldy. Şunda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara topara möhüm orun degişlidir.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, däp bolan döwletara hyzmatdaşlygyň özara bähbitlilik esasynda mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi